Argentina Braziliýa bilen oýunda birbada iki sany taryhy rekordy täzeledi

  • 26.03.2025 13:12
  • 13k+

Argentinanyň milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyryndaky duşuşykda Braziliýany 4:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Duşuşygyň eýýäm dördünji minudynda argentinaly hüjümçi Hulian Alwares hasaby açdy. Sekiz minut geçenden soň, ýarymgoragçy Enso Fernandes toparynyň artykmaçlygyny artdyrdy. 26-njy minutda Braziliýanyň hüjümçisi Mateus Kunýa bir gol geçirdi. Şeýle-de bolsa, arakesmeden ozal "albiseleste" üçünji goluny geçirdi – bu gezek Aleksis MakAllister tapawutlandy. Ikinji ýarymda bolsa, argentinaly Juliano Simeone milli ýygyndysy üçin ilkinji goluny geçirip, hasaby 4:1 etdi.
Bu ýeňiş bilen Argentinanyň ýygyndysy Günorta Amerikanyň saýlama tapgyrlarynyň taryhynda iki rekord goýdy diýip, MisterChip lakamly žurnalist X sosial sahypasynda habar berdi.
Lionel Skaloniniň topary bir saýlama tapgyrda Braziliýany iki gezek ýeňmegi başaran ilkinji topar boldy. Mundan başga-da, "albiseleste" Braziliýanyň derwezesine Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrlarynda dört gol geçiren ýeke-täk ýygyndy boldy.
Argentinanyň ýygyndysy ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyny möhletinden öň gazandy. Olar 14 oýundan soň 31 utuk bilen sanawyň başyny çekýärler.
Braziliýa 21 utuk bilen dördünji orunda barýar. Ikinji orny Ekwador (23 utuk), üçünji orny bolsa Urugwaý (21 utuk) eýeleýär. Bäşinji orundaky Paragwaý hem 21 utuk toplady.
Şeýlelikde, Argentina resmi taýdan dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanan ilkinji günorta amerikaly ýygyndy boldy.


düýn 13:51
7.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 23:43
7.6k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......