“Çelsi” Klublaýyn dünýä çempionatynyň ýarym finalynda “Fluminense” bilen oýnar

  • 05.07.2025 13:51
  • 5.6k+

2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionatynyň ilkinji ýarym finalçylary belli boldy. Finala çykmak üçin Angliýanyň “Çelsisi” bilen Braziliýanyň “Fluminense” topary oýnar.

Dörtden bir finalda “Fluminense” Saud Arabystanynyň çempionatynyň ýeňijisini – Er-Riýaddan “Al-Hilýaly” utdy. Duşuşyk Orlandodaky “Kemping Uorld” stadionynda geçirildi we braziliýaly toparyň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy.
40-njy minutda “Fluminenseniň” ýarymgoragçysy Mateus Martinelli hasaby açdy. Ikinji ýarymyň başynda, 51-nji minutda “Al-Hilýalyň” hüjümçisi Markos Leonardo hasaby deňledi. Braziliýa toparynyň ýeňiş goluny 70-nji minutda ýarymgoragçy Erkules geçirdi.
“Çelsi” çärýek finalda Braziliýanyň “Palmeýras” klubuny utdy. Oýun Filadelfiýada geçirildi we londonlylaryň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy.
16-njy minutda “Çelsiniň” ýarymgoragçysy Koul Palmer hasaby açdy. 53-nji minutda “Palmeýrasyň” hüjümçisi Estewao hasaby deňledi. Iňlis klubuna ýeňşi 83-nji minutda “Palmeýrasyň” argentinaly goragçysy Agustin Hiaýyň awtogoly getirdi.
“Çelsi” bilen “Fluminenseniň” arasyndaky ýarym final oýny 8-nji iýulda Ist-Raterfordda geçiriler.


düýn 23:30
3.9k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 14:15
6.1k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

14.06.2026 15:15
11k+

Dünýä çempionatyndaky ilkinji oýnundan öň Angliýanyň milli ýygyndysynyň goşlary ogurlandy

Angliýanyň milli ýygyndysy ABŞ-da geçiriljek dünýä çempionatynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda sport lybaslarynyň we enjamlarynyň ogurlanmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Britaniýanyň «Daily Mail» gazetiniň ýazmagyna......

13.06.2026 17:07
12k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......