“Bawariýa” Klublaýyn dünýä çempionatynyň birinji oýnunda “Oklend Sitä” garşy 10 gol geçirdi

  • 16.06.2025 12:53
  • 7k+

Mýunheniň “Bawariýasynyň” futbolçylary Klublaýyn dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň birinji oýnunda täze Zelandiýanyň “Oklend Siti” toparyny 10:0 hasabynda utdy. Oýun Sinsinnatide geçirildi.

61-nji minutda meýdança çykan Jamal Musiala üç gol geçirdi. Ol 67-nji, 73-nji (penaltiden) we 84-nji minutlarda tapawutlandy. Şeýle-de, Kingsli Koman (6, 21), Maýkl Olise (20, 45+3) we Tomas Mýuller (45, 89) öz hasaplaryna iki gol ýazdy. Ýene bir goly Saşi Boe geçirdi (18).
Birinji tapgyrdan soň “Bawariýa” üç utuk gazandy. “Oklend Sitiniň” hasabynda utuk ýok. Toparlaryň ikisi-de C toparçada oýnaýar, bu ýerde Portugaliýanyň “Benfika” we Argentinanyň “Boka Huniors” toparlary hem çykyş edýär.
“Oklend Siti” Okeaniýanyň Çempionlar ligasynyň 13 gezek ýeňijisidir. Tälimçi Pol Pozanyň aýtmagyna görä, klubuň ähli futbolçylarynyň oýundan daşary hem esasy işi bar, şonuň üçin ABŞ-daky ýaryşa hemme oýunçy gelip bilmedi.
Öň klub dünýä çempionatyna yzygiderli gatnaşypdy, 2009-njy ýylda bäşinji, 2014-nji ýylda üçünji orny eýeledi.
Belläp geçsek, Klublaýyn dünýä çempionatyna ozal diňe kontinental klub ýaryşlarynyň ýeňijileri gatnaşýardy, ýöne şu gezek ýaryş 32 toparyň gatnaşmagynda täzelenen görnüşde geçýär. Olar 8 toparça bölündi. Pleý-offa her toparçadan iň gowy iki topar çykýar.


düýn 13:51
8k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......