“PSŽ” 24 minutda “Realyň” bellisini edip, Klublaýyn dünýä çempionatynyň finalyna çykdy

  • 10.07.2025 09:57
  • 11k+

“PSŽ” fransuz kluby futbol boýunça Klublaýyn dünýä çempionatynyň ýarym finalynda Madridiň “Realyny” uly hasap bilen ýeňlişe sezewar etdi. Ist-Raterfordda (Nýu-Jersi ştaty) geçirilen oýun 4:0 hasabynda tamamlandy.

Ilkinji üç goly parižliler eýýäm 24-nji minuta çenli girizdiler. Oýnuň 6-njy minutynda Fabian Ruis hasaby açdy. Ýene üç minutdan Usman Dembele gol geçirdi. Soňra Ruis öz hasabyna ikinji goly adyna ýazdy. Oýnuň galan wagty ýönekeý bir resmilik boldy, çünki “PSŽ” artykmaçlygyny elden bermän, tutuş oýny öz gözegçiliginde saklady. Gutarnykly hasaby 87-nji minutda Gonsalu Ramuş kesgitledi.
Duşuşyk ýol dykynlary sebäpli 10 minut giç başlady: iki toparyň hem awtobuslary stadiona giç geldi.
“Real” 2003-nji ýylyň noýabryndan bäri ilkinji gezek şeýle çalt üç goly geçirtdi. “PSŽ” üçin bu 2018-nji ýylyň aprelinden bäri şeýle aralykda iň uly görkeziji boldy.
Klublaýyn dünýä çempionatynyň finalynda “PSŽ” Angliýanyň “Çelsisi” bilen duşuşar, ol ýarym finalda “Fluminenseni” 2:0 hasabynda utupdy.
Final oýny 13-nji iýulda Ist-Raterfordda geçer.


düýn 13:51
8.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......