“Çelsi” Klublaýyn dünýä çempionatynyň finalyna çykdy, ol “Real” ýa-da “PSŽ” bilen duşuşar

  • 09.07.2025 11:39
  • 7.4k+

Londonyň “Çelsisi” 2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionaty ýaryşynyň ilkinji finalçysy boldy. Ol ýarym finalda Braziliýanyň “Fluminense” toparyny 2:0 hasabynda utdy. Oýun Ist-Raterforddaky (ABŞ) “Metlaýf” stadionynda geçirildi.

Gollaryň ikisini-de “Çelsiniň” braziliýaly täze oýunçysy Žoao Pedro (18-nji we 56-njy minutlar) geçirdi. Onuň üçin bu “Çelsiniň” düzüminde ilkinji oýun boldy. Bellemeli ýeri, Pedro “Fluminenseniň” ýetişdiren oýunçysy bolandygy üçin, ol öz klubuna hormat goýmagyň nyşany hökmünde gollaryny baýram etmedi.
“Çelsi” üçin bu taryhda Klublaýyn dünýä çempionatynyň üçünji finaly boldy. 2012-nji ýylda topar aýgytly oýunda Braziliýanyň “Korintians” toparyndan utuldy (0:1), 2021-nji ýylda bolsa “Palmeýrasdan” üstün çykdy (2:1).
“Çelsiniň” finalda garşydaşy 9-njy iýulda Madridiň “Realy” bilen “Pari Sen-Žermeniň” arasynda kesgitlener. Ýaryşyň finaly 13-nji iýulda Ist-Raterfordda geçiriler.


düýn 23:30
3.9k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 14:15
6.1k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

14.06.2026 15:15
11k+

Dünýä çempionatyndaky ilkinji oýnundan öň Angliýanyň milli ýygyndysynyň goşlary ogurlandy

Angliýanyň milli ýygyndysy ABŞ-da geçiriljek dünýä çempionatynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda sport lybaslarynyň we enjamlarynyň ogurlanmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Britaniýanyň «Daily Mail» gazetiniň ýazmagyna......

13.06.2026 17:07
12k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......