Futbol boýunça ýetginjekleriň Dünýä çempionaty-2025 we Arap milletleriniň kubogy Katarda geçiriler

  • 11.03.2025 21:40
  • 4.2k+

FIFA-nyň Geňeşi Katary 2025-nji ýylda FIFA-nyň iki ýaryşynyň eýesi hökmünde tassyklady. Ýurtda 3-nji noýabrdan 27-nji noýabr aralygynda Ýetginjekleriň dünýä çempionaty (U-17), 1-18-nji dekabr aralygynda Arap milletleriniň kubogy geçiriler.

Ýetginjekleriň dünýä çempionaty ilkinji gezek giňeldilen formatda geçiriler: 48 topar 25 günüň dowamynda 104 oýun oýnar. Arap milletleriniň kubogynda sebitiň iň güýçli 16 topary çykyş eder.

“Katar futbolyň üsti bilen ýene bir gezek tutuş sebitiň we dünýäniň adamlaryny birleşdirer. Biz oýunçylary we janköýerleri dünýä derejesindäki desgalar we ýatdan çykmajak tejribe bilen üpjün etmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys "- diýip, Kataryň Sport we ýaşlar ministri hem-de iki ýaryşyň hem guramaçylyk komitetiniň başlygy şeýh Hamad bin Halifa Al Tani aýtdy.

Katar ozal 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatyny, 2023-nji ýyldaky Aziýa kubogyny, 2021-nji ýyldaky Arap milletleriniň kubogyny we beýleki iri ýaryşlary üstünlikli kabul edipdi. Ýurt geljekde indiki bäş sany Ýetginjekler dünýä çempionatyny, şeýle hem 2029-njy we 2033-nji ýyllardaky Arap milletleriniň kubogyny geçirer.


şu gün 10:53
367

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 16:09
8.3k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......