Internetde ähli döwürleriň iň tanymal şahsyýetini saýlaýarlar. Siz hem ses beriň!

  • 13.11.2024 12:32
  • 12k+

List Challenges portaly iň tanymal şahsyýetleriň reýtingini hödürledi. Reýting dünýä belli aktýorlar, alypbaryjylar, futbolçylar we syýasatçylar ýaly dürli döwrüň iň meşhur adamlaryny öz içine aldy.

Sanawda birinji orny amerikaly aýdymçy Maýkl Jekson eýeledi. Habar ýazylan wagty Jekson internet ulanyjylardan 2973 ses alyp, 70 ýyl dolandyran Britaniýanyň şa aýaly Ýelizaweta II-den (2685) we XX asyryň iň belli sazandalarynyň biri Elwis Presliden (2665) öňe geçdi. Ilkinji bäşlige 1997-nji ýylda ýol hadysasynda aradan çykan şa gyzy Diana (2601) we futbolçy Lionel Messi (2601) hem girdi.
Iň meşhur şahsyýetleriň ilkinji onlugy şeýle görnüşde:

  1. Maýkl Jekson – 2973
  2. Ýelizaweta II – 2685
  3. Elwis Presli – 2665
  4. Şa gyzy Diana – 2601
  5. Lionel Messi – 2601
  6. Uitni Hýuston – 2532
  7. Barak Obama – 2448
  8. Madonna – 2447
  9. Jeki Çan – 2443
  10. Kriştianu Ronaldu – 2288.

Umuman, sanaw jemi 200 şahsyýeti öz içine alýar.
Maýkl Jozef Jekson – amerikaly aýdymçy, aýdym-saz prodýuseri, aýdymlaryň awtory, aktýor. Ol pop aýdym-sazynyň taryhynda iň görnükli ýerine ýetirijileriň biri hasaplanylýar. Jekson ömrüniň dowamynda köp sanly baýraklara, şol sanda 15 “Gremmi” baýragyna mynasyp boldy. Bütin dünýäde onuň ýazgylarynyň (albomlar, ýygyndylar, singller we beýlekiler) 1 mlrd nusgasy satyldy.


19.05.2026 21:42
5.1k+

Ronaldu DÇ-2026-yny YouTube-da mugt görkezjek strimingde paý satyn aldy

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Braziliýanyň CazeTV platformasy bilen baglanyşykly bolan LiveModeTV halkara media taslamasynda paý satyn aldy. Bu şertnama futbolçynyň 2026-njy......

18.05.2026 14:49
4k+

Nýu-Jerside DÇ-2026-nyň öňüsyrasynda bir köçä Messiniň ady dakyldy

Berkli-Haýts şäherçesindäki (Nýu-Jersi ştaty) Şerman-awenýu köçesiniň bir bölegine wagtlaýyn «Lionel Messi ýoly» ady berildi. Ýerli häkimiýetleriň aýtmagyna görä, bu köçäniň adynyň hemişelik üýtgedilmegi......

09.05.2026 00:32
11k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....

15.12.2025 17:31
13k+

Win Dizel: Kriştianu Ronaldu üçin “Forsaž” kinofranşizasynda rol döredildi

Golliwudyň aktýory Win Dizel meşhur "Forsaž" kinofranşizasynda portugaliýaly futbolçy Kriştianu Ronaldu üçin rol döredilendigini mälim etdi. Filmiň baş gahrymany Dominik Torettonyň roly bilen tanalýan aktýor, bäş gezek “Altyn top” baýragynyň eýesi bolan futbolçy bilen bile düşen suratyny paýlaşdy...