Win Dizel: Kriştianu Ronaldu üçin “Forsaž” kinofranşizasynda rol döredildi

  • 15.12.2025 17:31
  • 13k+

Golliwudyň aktýory Win Dizel meşhur "Forsaž" kinofranşizasynda portugaliýaly futbolçy Kriştianu Ronaldu üçin rol döredilendigini mälim etdi.

Filmiň baş gahrymany Dominik Torettonyň roly bilen tanalýan aktýor, bäş gezek “Altyn top” baýragynyň eýesi bolan futbolçy bilen bile düşen suratyny paýlaşdy.

"Hemmeler onuň “Forsaž” filminde oýnajagyny-oýnamajagyny soraýardylar... Onuň örän oňat adamdygyny aýtmak gerek. Biz oňa niýetläp rol ýazdyk" diýip, Dizel suratyň aşagynda ýazdy.

40 ýaşly Ronaldu häzirki wagtda Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” klubunda çykyş edýär. Şu günki güne çenli ol hiç haçan kinoda surata düşmändi.
Franşizanyň iň soňky bölegi bolan "Forsaž 10" 2023-nji ýylyň 19-njy maýynda ekranlara çykypdy. Indiki filmiň premýera senesi heniz belli däl.


düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.5k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....