Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

  • 10.06.2026 07:46
  • 1.5k+

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi.

Wideoda ilkinji gezek baş gahrymanlaryň biri bolan Skubi-Duny oýnajak hakyky janly it görkezildi. Režissýorlaryň meýilnamasyna görä, serialyň başynda ol entek kiçi güjük bolup, özüniň geljekki iň ýakyn dosty Şeggi bilen tanyşýar. Şegginiň roluny Tanner Hagen («Sözleriňizden seresaply boluň») ýerine ýetirer. Toparyň beýleki agzalarynyň rollaryny kimleriň oýnajakdygy hem mälim boldy: Frediň keşbini Maksauto Jenkins («Kosmosda ýitenler»), Dafnany Makkenna Greýs («Şeldonyň çagalygy»), Welmany bolsa Ebbi Raider Fortson («Garynja adam») ýerine ýetirer. Skubiniň özüne kimiň ses berjekdigi entek nämälimligine galýar.

«Skubi-Du: Başlangyç» serialy, şol sanda, dürli täsin tapmaçalary seljermek bilen meşgullanjak «Syr» korporasiýasynyň nähili döredilendigi barada hem gürrüň berer. Serialyň birinji möwsümi jemi sekiz sany bölümden ybarat bolar. Ol 2027-nji ýylda tomaşaçylara hödürlener, ýöne takyk senesi entek yglan edilmedi.


şu gün 12:00
702

Disney 2026-njy ýylda film studiýalarynyň içinde ýygymy 3 milliard dollardan geçen ilkinji studiýa boldy

Walt Disney Studios 2026-njy ýylda dünýäde kassa girdejisini 3 milliard dollardan geçiren ilkinji kinostudiýa boldy diýip, Deadline neşiri habar berýär. Çeşmäniň maglumatyna görä, kompaniýanyň şu ýylky ähli......

şu gün 10:12
835

«Minýonlar we nägehanlar» multfilminiň premýerasynda minýon dilinde aýdym aýtmak bäsleşigi geçdi

«Minýonlar we nägehanlar» multfilminiň premýerasynda minýon dilinde aýdym aýtmak boýunça bäsleşik geçirildi. Ýeňiji bolan gyz «Jackson 5» toparynyň «I'll Be There» aýdymyny ýerine ýetirdi....

27.06.2026 11:31
2.2k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
2.2k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......