«Minýonlar we nägehanlar» multfilminiň premýerasynda minýon dilinde aýdym aýtmak bäsleşigi geçdi

  • şu gün 10:12
  • 509

«Minýonlar we nägehanlar» multfilminiň premýerasynda minýon dilinde aýdym aýtmak boýunça bäsleşik geçirildi. Ýeňiji bolan gyz «Jackson 5» toparynyň «I'll Be There» aýdymyny ýerine ýetirdi.

Şeýle hem bäsleşikde Oliwiýa Rodrigonyň «Drop Dead», «Queen» toparynyň «Bohemian Rhapsody» we Bruno Marsyň «Versace on the Floor» kompozisiýalarynyň täzeçe görnüşleri ýaňlandy.

Multfilmiň dünýä premýerasy 1-nji iýulda bolar. Täze ekran eserinde minýonlar 1920-nji ýyllaryň Golliwudyna düşýärler. Ozal çap edilen böleklerde olar westerniň (kowboý filmleriniň), wikingler baradaky taryhy söweşiji filmiň we nuaryň bezegleriniň içinde peýda bolupdylar. Sýužete görä, üç sany minýon jadyly sözleriň kitabyny tapýarlar we bilmezlikden mahlugy çagyrýarlar, şondan soň bolsa özleriniň gorkunç filmini surata düşürmek üçin hakyky nägehanlaryň gözlegine çykýarlar.

Filmi döredijiler bu ekran eserinde tutuşlygyna minýonlaryň dilinde seslendirilen 15 minutlyk sahnanyň boljakdygyny habar berdiler. Gahrymanlary seslendirmek işine bolsa, edil öňki ýaly, minýonlary dörediji we filmiň režissýory Pýer Koffin jogap berdi.

«Minýonlar we nägehanlar» multfilmi «Ýigrenji men» («Гадкий я») tapgyrlaýyn filmleriniň prikweli, şeýle hem «Minýonlar» we «Minýonlar: Grýuwitasiýa» multfilmleriniň dowamy bolar.


şu gün 12:00
288

Disney 2026-njy ýylda film studiýalarynyň içinde ýygymy 3 milliard dollardan geçen ilkinji studiýa boldy

Walt Disney Studios 2026-njy ýylda dünýäde kassa girdejisini 3 milliard dollardan geçiren ilkinji kinostudiýa boldy diýip, Deadline neşiri habar berýär. Çeşmäniň maglumatyna görä, kompaniýanyň şu ýylky ähli......

şu gün 10:54
752

Dua Lipa Portu şäherinde öz hususy kitaphanasyny açdy

Aýdymçy Dua Lipa Portugaliýanyň Portu şäherinde «Manifesto Library» atly öz hususy kitaphanasyny açdy. Bu taslama, içki bezegleri we gurluşy taýdan Joan Roulinge «Garri Potter» älemini döretmäge ylham beren......

düýn 17:06
3.4k+

Şwesiýada 38 ýyldan soň Wiktor Soýuň bilinmän galan «Minutlaryň çagalary» aýdymynyň ýazgysy tapyldy

Kolleksiýaçy Sergeý Çubraýew «Kino» rok toparynyň lideri Wiktor Soýuň öň näbelli bolan «Minutlaryň çagalary» («Дети минут») atly aýdymynyň kasseta ýazgysyny tapdy. Bu eser 1988-nji ýylda ýazylypdyr....

27.06.2026 11:31
2.2k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....