Dua Lipa Portu şäherinde öz hususy kitaphanasyny açdy

  • şu gün 10:54
  • 1k+

Aýdymçy Dua Lipa Portugaliýanyň Portu şäherinde «Manifesto Library» atly öz hususy kitaphanasyny açdy. Bu taslama, içki bezegleri we gurluşy taýdan Joan Roulinge «Garri Potter» älemini döretmäge ylham beren «Livraria Lello» kitap dükanynyň mydamalyk bölegi bolar.

Kitaphananyň açylyş dabarasy «Babell – City of Books» halkara kitap festiwalynyň çäklerinde geçirildi. Dabara Olga Tokarçuk, Salman Ruşdi we eserleri bu ýygyndyda ýer alan beýleki meşhur ýazyjylar gatnaşdylar.

Bu kitaphana aýdymçynyň 2021-nji ýylda esaslandyran «Service95» kitap klubunyň dowamy boldy. Başlangyç tapgyrda ýygyndynyň içine häkimiýet, gözegçilik, ses we ýatkeşlik mowzuklaryny özünde jemleýän ýüzden gowrak kitap girizildi.

– Bu kitaphana – ýitip giden kitaplara, batyrgaýlygy bilen häkimiýeti we gözegçiligi paş edýän ýazyjylara hem-de başgalaryň gadaganlyklaryna boýun egmekden boýun gaçyrýan okyjylara goýulýan sarpadyr – diýip, Dua Lipa maksadyny mälim etdi.

Görkezilýän eserleriň arasynda Margaret Etwuduň «Gyrnagyň gürrüňi» («Рассказ служанки»), Harper Liniriň «Jokjokyny öldürmek» («Убить пересмешника»), Rejinald Dueýn Bettsiň «Jenaýatkär» («Преступник»), Trewor Noanyň «Reňksiz» («Бесцветный»), Jodi Pikoltyň «On dokuz minut» («Девятнадцать минут»)  ýaly eserleri, şeýle-de Rupi Kauruň «Süýt we bal» («Молоко и мед») goşgular ýygyndysy we başga-da ençeme kitaplar bar. Olaryň köpüsi dürli döwürlerde gadagan hem  çäklendirmelere sezewar edildi. 


şu gün 10:12
706

«Minýonlar we nägehanlar» multfilminiň premýerasynda minýon dilinde aýdym aýtmak bäsleşigi geçdi

«Minýonlar we nägehanlar» multfilminiň premýerasynda minýon dilinde aýdym aýtmak boýunça bäsleşik geçirildi. Ýeňiji bolan gyz «Jackson 5» toparynyň «I'll Be There» aýdymyny ýerine ýetirdi....

düýn 17:06
3.4k+

Şwesiýada 38 ýyldan soň Wiktor Soýuň bilinmän galan «Minutlaryň çagalary» aýdymynyň ýazgysy tapyldy

Kolleksiýaçy Sergeý Çubraýew «Kino» rok toparynyň lideri Wiktor Soýuň öň näbelli bolan «Minutlaryň çagalary» («Дети минут») atly aýdymynyň kasseta ýazgysyny tapdy. Bu eser 1988-nji ýylda ýazylypdyr....

27.06.2026 11:31
2.2k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

22.06.2026 23:12
4.9k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......