Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler.
Kann kinofestiwaly 1946-njy ýylda esaslandyryldy we taryhynda diňe iki gezek – 1948-nji we 1950-nji ýyllarda geçirilmedi.
Guramaçylar ýubileý festiwalynyň maksatnamasyny 2027-nji ýylyň aprelinde hödürlärler. Kino tankytçylary we janköýerler häzirki wagtda bäsleşik maksatnamasyna haýsy filmleriň we kimleriň gatnaşyp biljekdigini ara alyp maslahatlaşýarlar. Mümkin bolan dalaşgärleriň arasynda Ruben Estlundyň "Güýmenjeler ulgamy işlänok", Žýustin Triýeniň "Fonda", Aleksandr Peýniň "Şo taýda bir ýerde" we Aliç Rorwaheriň täze taslamasy bar.
Däp boýunça festiwal bilen utgaşyp gidýän Marché du Film kino bazarynyň seneleri heniz yglan edilmedi.
Geçen 79-njy Kann kinofestiwaly 2026-njy ýylyň 12-23-nji maýy aralygynda geçirilipdi. Esasy baýrak – “Altyn Palma şahasy” rumyniýaly režissýor Kristian Munjiuwyň "Fýord" filmine gowşuryldy. Eminleriň baş baýragy bolsa rus režissýory Andreý Zwýaginsewiň "Minotawr" filmine gowşuryldy.
79-njy festiwalyň eminler toparyna günorta koreýaly režissýor Pak Çhan Uk ýolbaşçylyk etdi. Ol Kann kinofestiwalynyň taryhynda bu wezipäni eýelän ilkinji günorta koreýaly we üçünji aziýaly režissýor boldy. Mundan öň, eminler toparyna 1962-nji ýylda ýapon žurnalisti Tesuro Furukaki we 2006-njy ýylda gonkongly režissýor Wong Kar-waý ýolbaşçylyk edipdi.