Milliarderleriň iň köp doglan şäheri yglan edildi

  • 30.03.2026 09:59
  • 11k+

Nýu-Ýork şäheri bu gezek hem dünýäde milliarderiň iň köp doglan ýeri hökmünde sanawyň başyny çekdi diýip, 2026-njy ýyl üçin dünýäniň iň baý 1680 adamynyň maglumatlaryna esaslanýan Visual Capitalist neşiri habar berýär.

PlayersTime seljermelerine we Forbes Real-Time maglumatlaryna görä, Nýu-Ýorkda 69 sany milliarder doglupdyr. Bu görkeziji ABŞ-nyň ondan soňky gelýän iň uly bäş şäheriniň bilelikdäki sanyndan hem köpdür. Şäherde doglan iň baý kişi — baýlygy takmynan 200 milliard dollar bolan Oracle kompaniýasynyň geňeşiniň başlygy Larri Ellison boldy.

Sanawdaky beýleki öňdebaryjy şäherler:

  • Gonkong: 57 milliarder;
  • Singapur: 30 milliarder;
  • Mumbaý: 28 milliarder.

Bu şäherlerden bolan milliarderleriň esasy bölegi öz maýalaryny ABŞ-nyň, Hytaýyň we Hindistanyň bazarlarynda gazandylar. Beýleki şäherleriň arasynda Milan (16), Çikago (15), Rio-de-Žaneýro (15), Stambul (11) we Taýbeý (11) ýaly ýerler bar. Afrikanyň hiç bir şäherinde milliarderleriň sany 10-a ýetmedi.

Germaniýanyň Ingelhaým-am-Raýn şäherçesinde 10 sany milliarderiň doglandygy aýratyn bellenildi. Bu ýagdaý 1885-nji ýylda şol ýerde düýbi tutulan Boehringer Ingelheim derman senagaty kompaniýasynyň taryhy bilen baglanyşyklydyr. Germaniýanyň iň baý adamlarynyň hataryna girýän Býoringer maşgalasynyň wekilleriniň köpüsi hut şu şäherde doglandyr.


düýn 10:45
2.8k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

17.06.2026 11:29
4.6k+

Specialized 12 müň dollarlyk dag elektrik welosipedini çykardy

Specialized kompaniýasy bahasy 12 müň dollar bolan «Levo 4 X» atly täze dag elektrik welosipedini tanyşdyrdy....

17.06.2026 11:16
952

Pirelli 2028-nji ýyla çenli «Formula-1» üçin tekerleriň ýeke-täk üpjünçisi bolup galar

«Formula-1» we Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) Italiýanyň Pirelli kompaniýasy bilen baglaşylan ylalaşygyň möhletini 2028-nji ýyla çenli uzaltdy. Öndüriji çempionat, şeýle-de «Formula-2», «Formula-3» we......

17.06.2026 09:59
1.1k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......