Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

  • 30.04.2026 07:20
  • 2.2k+

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň eksport gözegçiliginiň talaplaryna esaslanýan barlagdan soň kabul edildi.

Meta geçen ýylyň dekabr aýynda Manus startapyny satyn alýandygyny yglan edipdi. Emma Hytaýyň kadalaşdyryjy edaralary bu söwdanyň hereket edýän düzgünleri bozup biljekdigini öňe sürüp, barlag işlerine başladylar. Netijede, Hytaýyň Ösüş we özgertmeler baradaky Döwlet komiteti şertnamanyň ýatyrylýandygyny resmi taýdan habar berdi.

Çeşmeleriň habar bermegine görä, Manus-yň maýadarlary şertnamany ýatyrmak üçin Meta bilen hyzmatdaşlyk etmäge razy boldular. Indi amerikan kompaniýasy startapyň Hytaýa degişli ähli aktiwlerini, şol sanda maglumatlaryny we tehnologiýalaryny yzyna gaýtaryp bermeli bolar.

The Wall Street Journal neşiriniň bellemegine görä, Meta öz hyzmatlary Hytaýda işlemese-de, mahabat girdejisiniň uly bölegini hytaýly mahabat berijilerden alýar.

Manus startapy programmalaşdyrmakdan başlap, maglumatlary we bazarlary seljermäge çenli dürli wezipeleri ýerine ýetirmäge ukyply bolan adybir emeli aň agentini işläp düzýär.

Bloomberg hem bu wakanyň yzy bilen Hytaý häkimiýetleriniň ýurduň tehnologiýa kompaniýalarynyň hökümetiň rugsady bolmazdan Amerikadan maýa goýumlaryny çekmegini çäklendirmek meselesine seredýändiklerini habar berdi.


şu gün 11:08
653

Ferrari we HP bilelikde 4999 nusgalyk çäkli noutbuk tapgyryny çykararlar

Ferrari we HP kompaniýalary «HP Limited Edition Scuderia Ferrari AI PC» atly çäkli tapgyrdaky noutbuklaryny tanyşdyrdylar. Bu enjamlardan jemi 4999 nusga öndüriler we olaryň hersi aýratyn belgileniler....

düýn 22:05
1.7k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

düýn 12:01
1.7k+

ASML Ýewropanyň taryhynda iň gymmat kompaniýa boldy

Çipleri öndürmek üçin litografiýa skanerleriniň dünýäde iň uly üpjünçisi bolan Niderlandlaryň ASML kompaniýasy Ýewropanyň taryhyndaky iň gymmat kompaniýa öwrüldi. Onuň bazar gymmaty 668 milliard dollara ýetip,......

08.06.2026 13:03
3k+

Airbus «A320» uçarlar maşgalasy üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy maý aýynyň ahyryna çenli «A320» maşgalasyna degişli ýolagçy uçarlary üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy. Bu görkeziji Ýewropanyň uçargurluşykçysynyň iň köpçülikleýin......