Gordon Murreýiň täze superkary auksionda rekord $20,63 milliona satyldy

  • 27.11.2025 11:13
  • 5.9k+

Gordon Murreýiň S1 LM indeksli, gurnamaga meýilleşdirilen ilkinji superkarlaryndan biri (Gordon Murray Special Vehicles tarapyndan) geçen dynç günlerinde Las-Wegas Gran-pri-synyň çäklerinde auksionda satyldy. RM Sotheby's tarapyndan guralan auksionda kupe üçin $20,630,000 dollar tölendi. Gordon Murreýiň kompaniýasy bu bahanyň, haýyr-sahawat auksionlaryny hasaba almazdan, açyk söwdalaşyklaryň gidişinde täze awtoulag üçin tölenen iň ýokary baha bolandygyny mälim etdi.

Auksion geçirilýän Wynn myhmanhanasynyň çägine bu görkezme ulagy Las-Wegasyň esasy ýerleriniň üstünden uçup gelen dikuçara asylan platformada getirilipdir.
Ady rowaýata öwrülen inžener Gordon Murreý S1 LM-i, alty onýyllygyň dowamynda awtoulag işläp taýýarlamakda alan ähli bilimleriniň we tejribesiniň aýdyň beýany diýip atlandyrýar. Haryt bolmaly ulag indi gurulmaly. Tölän bahasynyň içinde ulagyň geljekki eýesi Gordon Murreý bilen birlikde ulagy şahsylaşdyrmak boýunça aýratyn sessiýalara, Gordon Murray Group toparynyň ýerine ýetiriji müdiri we Indy 500-iň üç gezek çempiony Dario Frankitti bilen birlikde synaglara gatnaşyp, şeýle hem işläp taýýarlamanyň soňky tapgyryna syn edip biler.
S1 LM - Gordon Murreýiň kompaniýasynyň ýörite awtoulaglar bölümi tarapyndan işlenip düzülen we meşhur McLaren F1 GTR-iň täze keşbi hasaplanýar. Ol rowaýat bolan ulagyň dizaýnynda we interýerinde birnäçe yşaratlary aldy. Karbon korpusly superkar güýji 700 at güýjünden gowrak bolan 4,3 litrlik V12 atmosfer hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylar.
Täze superkarlar auksionlarda has gymmat hem bolup biler. Mysal üçin, Ferrari Daytona SP3-iň soňky nusgasy awgust aýynda 26 million dollara satyldy. Şeýle-de bolsa, Gordon Murray Automotive-de haýyr-sahawat barada ýöne ýere agzalmady: italýan superkarynyň satuwyndan geljek serişdäni bilim maksatnamalaryny ösdürmeklige sarp etmek meýilleşdirilýär.
Gordon Murreý — britaniýaly inžener-konstruktor we dizaýner, ol McLaren F1 superkaryny dörediji hökmünde has meşhurdyr. Ol Formula 1-iň Brabham we McLaren toparlarynda işläp, köp sanly meşhur bolidleri döretdi.


06.02.2026 13:09
1k+

McLaren onunjy Konstruktorlar kubogynyň şanyna 10 sany superkar çykarar

McLaren britan brendi Formula-1-de "Konstruktorlar Kubogynda" gazanan onunjy ýeňşiniň hormatyna çäkli mukdardaky Artura Spider Championship Edition superkaryny hödürledi. Bu awtoulaglardan dünýä boýunça diňe 10 sany öndüriler...

03.01.2026 13:02
7.3k+

Doly çekişli ilkinji ýeňil awtoulagyň nusgasy auksiona çykaryldy

Britaniýanyň "Car and Classic" auksion öýünde seýrek duş gelýän awtoulag — 1966-njy ýylda öndürilen Jensen FF modeliniň prototipi satuwa çykaryldy. Bu model ähli tekerleri çekýän (doly çekişli) ilkinji seriýalaýyn ýeňil awtoulag hasaplanýar...

03.01.2026 11:36
3.4k+

RM Sotheby's auksionynda satylan ähli ulaglaryň umumy bahasy rekord 1 mlrd dollardan geçdi

Geçen ýyl RM Sotheby's awtoulag auksionlarynda 75 sany awtoulag rekord bahadan satyldy. "Robb Report" neşiriniň maglumatyna görä, 2025-nji ýylda amala aşyrylan geleşikleriň umumy bahasy 1 milliard dollardan geçdi...

16.12.2025 18:28
4.2k+

Iň gymmat McLaren F1 Abu-Dabide 25,3 million dollara satyldy

RM Sotheby's auksion öýi Abu-Dabidäki söwdalaryny McLaren F1 superkaryny $25,317,500 dollara satmak bilen tamamlady. CarBuzz neşiriniň maglumatlaryna görä, bu pul möçberi bu model üçin täze bahanyň rekordy bolup, öňki resmi maksimumdan 5 million dollara ýokarydyr...