0,4 sekuntlyk dawa «Mercedes» toparyny meselä uçradyp biler

  • 03.04.2026 14:50
  • 3.5k+

Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) «Ferrari» toparynyň şikaýatyndan soňra, Formula-1-de bäsleşýän «Mercedes» bolidini barlagdan geçirer. Bu barada AutoRacer neşiri habar berýär.

Şikaýata tehniki düzgünnamanyň bozulmak ähtimallygy sebäp boldy. Düzgünlere görä, öňki we yzky anti-ganatlar biri-birinden 0,4 sekuntdan köp bolmadyk tapawut bilen ýapylmalydyr. Emma Hytaý Gran-prisinden soňra peýda bolan kadrlar Mercedes-de bu tapawudyň takmynan 0,8 sekuntdugyny görkezdi.

Şunlukda hünärmenler anti-ganatlaryň işindäki wagt uzynlygy, awtoulagyň tormoz berlen wagty durnuklylygyny artdyryp, oňa goşmaça artykmaçlyk berip biler diýip çaklaýarlar. «Ferrari» topary-da bu ýagdaýa üns berip, FIA-dan ulgamyň düzgünlere laýyk gelýändigi barada düşündiriş soraýar.

RacingNews365 neşiri bu şikaýatdan soň «Mercedes» toparynyň öňki anti-ganatyň gurluşyny düzgünnama laýyk getirendigini habar berdi. Toparyň wekilleri bolsa, Hytaýdaky bu bökdençligiň bilgeşleýin edilen hereket däldigini we onuň enjamyň ygtybarlylygy bilen baglydygyny mälim etdiler.


düýn 18:36
3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

20.06.2026 12:20
4.2k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......