Üç tigirli Formula-1-iň stilindäki sport awtoulagy jemgyýetçilik ýollarynda ulanmak üçin taýýarlanýar

  • 01.04.2026 14:15
  • 3.6k+

Amerikanyň Ryn Motors kompaniýasy “Formula 1” awtoulaglarynyň stilinde dizaýn edilen FP3 sport ulagyny işläp düzýär. Awtoulagy jemgyýetçilik ýollarynda ulanmaga rugsat bermek meýilleşdirilýär.

Esasy wersiýanyň bellenmeli aýratynlygy onuň üç tigirlidigidir: yzky okda ýeke tigir. Bu usul ulagyň has ýeňil talaplar astynda üç tigirli welosiped hökmünde sertifikatlaşdyrylmagyna mümkinçilik berer. Şol bir wagtda, satyn alnandan soň iki tigirli doly bahaly yzky ok goşmaça töleg töläp gurnalyp bilner.

Kompozit materiallardan ýasalan kuzow awtoulagyň agramyny ýarym tonnadan biraz gowrak edýär. Işläp düzüjileriň maglumatlaryna görä, aerodinamik elementler takmynan 320 kilogram basyş güýjüni döredýär.

Hereketlendiriji 210 at güýjüne eýe bolan 1340 kub santimetrlik Suzuki Hayabusa hereketlendirijisidir. Has gymmat görnüşi 290 at güýjüne çenli güýçlendirilýär. Iki görnüşi hem alty tizlikli mehaniki geçiriji bilen üpjün edilen we üç sekuntdan az wagtyň içinde 100 km/sag tizlige ýetip bilýär.

Sport awtoulagynyň başlangyç bahasy 78 500 dollar. Eltip berişlere şu ýylyň noýabr aýynda başlanmak meýilleşdirilýär.


şu gün 08:11
604

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

düýn 18:36
3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

düýn 08:16
2.6k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......