Rubensiň 400 ýyl bäri ýitirilen hasaplanýan kartinasy auksionda 2,9 million ýewro satyldy

  • 03.12.2025 11:00
  • 7k+

Meşhur flamandly suratkeş Piter Paul Rubensiň dört asyr töweregi wagt bäri ýitirilen hasaplanýan kartinasy auksionda 2,94 million ýewro satyldy diýip, “Parisien” gazeti habar berýär.

“Ýekşenbe güni Piter Paul Rubensiň “Haçdaky Isa” kartinasy Wersaldaky Osenat öýünde geçen auksionda komissiýa tölegi bilen birlikde 2 940 798 ýewro satyldy” – diýip, neşir habar berýär.

Auksiondan öň lot 1-2 million ýewro diýlip bahalandyrylýardy, başlangyç bahasy 500 müň ýewro boldy.
Ozal sentýabr aýynda “Frans Press” agentligi 1613-nji ýyldan bäri ýitirilen hasaplanyp gelnen kartinany Osenat auksion öýüniň baha berijisi we başlygy Žan-Pýer Osenaň Pariždäki köne jaýyň ýatylýan otagyndan tapandygyny habar berdi. Osena miras geçirilmezden ozal inwentar ýazuwy geçirilende tötänden 105,5 x 72 sm ölçegli kendiriň üstünden barýar.
Bir ýyl barlaglardan soň eseriň hakykylygy tassyklandy. 1613-nji ýylda çekilen kartinanyň Fransiýa nädip düşendigi entek belli däl.
Piter Paul Rubens (1577–1640) niderlandly (flamand) suratkeş we barokko stilindäki nakgaşlygyň esaslandyryjylarynyň biri. Onuň döredijilik mirasynyň takmynan 3000 suratdan ybaratdygy çaklanylýar.


22.06.2026 14:49
1.7k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

20.06.2026 16:49
4k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

17.06.2026 07:47
1.5k+

Sotheby’s Pikassonyň, Klimtiň we Modilýaniniň $270 millionlyk eserlerini satuwa çykardy

Sotheby’s auksion öýi Londonda britaniýaly milliarder, «Tottenhem» futbol klubunyň öňki eýesi Jo Lýuisiň kolleksiýasyndan bolan eserleriň sergisini açdy. Bu ýygyndynyň umumy bahasy 270 million dollardan geçýär....

13.06.2026 12:25
4k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......