Aýwazowskiniň “Diri galanlar” kartinasy Sotheby's auksionynda 4,19 million funt sterlinge satyldy

  • 03.12.2025 10:12
  • 5.3k+

Iwan Aýwazowskiniň “Diri galanlar” (“Выжившие”) atly eseri Londondaky Sotheby's auksionynda 4,19 million funt sterlinge satyldy. Bu baha suratkeşiň auksionda satylan eserleri üçin rekord boldy.

“Diri galanlar” eseri 25-nji noýabrda “Faberže, imperiýa we rewolýusiýa döwrüniň sungaty” atly auksionynda görkezildi. Bu iş 2004-nji ýyldan bäri ilkinji gezek bazara çykaryldy.
1878-nji ýylda döredilen bu eser deňziň güýjüni we adamyň oňa garşy göreşiniň dartgynly pursatyny açyp görkezýär. Bu ýagdaý suratkeşiň döredijiligine mahsus häsiýetdir. Onda gämi heläkçiliginden halas bolan deňizçileri alyp barýan halas ediş gämisi şekillendirilýär. Görnüşine görä, olaryň biri gözýetimde ýa-ha gury ýeri, ýa-da ýakynlaşyp gelýän gämini görýär.
Käbir bilermenleriň pikirine görä, möçberi we täsir güýji boýunça “Diri galanlar” eseri rus muzeýiniň ýygyndysyndaky rowaýata öwrülen “Dokuzynjy wal” (“Девятый вал”) bilen deňeşdirilýär.
Ondan öň suratkeşiň eserleriniň içinde auksion rekordy 2012-nji ýylda 3,2 million funt sterlinge satylan “Konstantinopolyň we Bosforyň görnüşi” (“Вид Константинополя и Босфора”) eserine degişlidi.


22.06.2026 14:49
1.7k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

20.06.2026 16:49
4k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

17.06.2026 07:47
1.5k+

Sotheby’s Pikassonyň, Klimtiň we Modilýaniniň $270 millionlyk eserlerini satuwa çykardy

Sotheby’s auksion öýi Londonda britaniýaly milliarder, «Tottenhem» futbol klubunyň öňki eýesi Jo Lýuisiň kolleksiýasyndan bolan eserleriň sergisini açdy. Bu ýygyndynyň umumy bahasy 270 million dollardan geçýär....

13.06.2026 12:25
4k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......