Klimtiň suraty Sotheby’s auksionynda rekord 236 mln dollara satyldy

  • 20.11.2025 10:04
  • 4.1k+

Awstriýaly suratkeş Gustaw Klimtiň “Elizabet Ledereriň portreti” suraty Nýu-Ýorkdaky Sotheby’s auksionynda 236,4 mln dollara satyldy. Bu barada auksion öýi X sosial ulgamynda habar berdi.

“Indi ol häzire çenli auksionda satylan iň gymmat häzirkizaman sungat eseri hasaplanýar” – diýlip, habarda aýdylýar.

Alyjynyň ady mälim edilmeýär.
Klimt bu portretiň üstünde 1914-nji ýylda işläp başlady we ony 1916-njy ýylda, ölmezinden iki ýyl öň tamamlady.
Elizabet Lederer suratkeşiň esasy howandarlarynyň hataryna giren belli kolleksionerler Awgust bilen Serena Ledereriň gyzydy. Awstriýanyň nasistler tarapyndan basylyp alnan döwri ol özüni Klimtiň gyzy hökmünde görkezip, aslynyň ýewreýdigini gizledi.
Portret nasistler tarapyndan ogurlandy, ýöne 1948-nji ýylda ol Ledereriň maşgalasyna gaýtarylyp berildi. 1983-nji ýylda surat art-diler Serže Sabarskä satyldy, iki ýyldan soň ony Estée Lauder brendiniň mirasdüşeri Leonard Lauder satyn aldy. Ol 2025-nji ýylyň iýunynda aradan çykýança onuň eýesi bolup galdy.
The Wall Street Journal neşiriniň habar berşi ýaly, surat üçin azyndan alty adam bäsleşdi. Olaryň biri baha 171 mln dollara ýetenden soň söwda goşuldy. Sungat eseri 150 mln dollardan gymmat alynmaz diýlip pikir edilipdi.
Klimtiň öňki iň gymmat suraty “Ýelpewaçly hanym” 2023-nji ýylda 108,8 mln dollara satyldy.
Iň gymmat satylan surat ady Christie’s auksion öýüne degişlidir. Bu ýerde 2017-nji ýylda Leonardo da Winçiniň “Dünýäniň halasgäri” suraty 450 mln dollara satyldy. 


22.06.2026 14:49
1.7k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

20.06.2026 16:49
4k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

17.06.2026 07:47
1.5k+

Sotheby’s Pikassonyň, Klimtiň we Modilýaniniň $270 millionlyk eserlerini satuwa çykardy

Sotheby’s auksion öýi Londonda britaniýaly milliarder, «Tottenhem» futbol klubunyň öňki eýesi Jo Lýuisiň kolleksiýasyndan bolan eserleriň sergisini açdy. Bu ýygyndynyň umumy bahasy 270 million dollardan geçýär....

13.06.2026 12:25
4k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......