Gresiýada 247 müň ýewro hususy ada satylýar

  • 19.05.2026 20:39
  • 5k+

Gresiýanyň Ion deňzinde ýerleşýän «Makri» atly hususy ada noýabr aýynda geçiriljek auksionda 247 müň ýewro başlangyç baha bilen satuwa çykarylar. Haýran galmaly ýeri, bu adany 2022-nji ýylda 8 million ýewro satjak bolupdylar, emma gurluşyk gadagançylyklary sebäpli baha örän pese düşüpdir.

Tokaý zolagyna degişli adanyň Ýewropanyň «Natura 2000» tebigaty goramak ulgamynyň gözegçiliginde durýandygy we şol sebäpli bu ýerde uly otelleri, kurortlary we beýik binalary gurmagyň düýbünden gadagandygy onuň bahasynyň birden arzanlamagyna getirdi.

Şunlukda adany satyn aljak adama diňe oba hojalygy bilen meşgullanmaga we tebigata zeper ýetirmeýän uly bolmadyk gurluşyklary etmäge rugsat berilýär. Häzirki wagtda adada diňe köne we taşlanyp gidilen çaklaňja jaý, kiçi buthana we suw saklanýan sardoba bar.

Ýerli metbugatyň ýazmagyna görä, adada syýahatçylyk telekeçiligini gurmak isleýän baý maýadarlar ondaky gadagançylyklary eşidip, satyn almakdan ýüz öwüripdirler.

Emma dünýäde hususy adalary kireýine almak henizem meşhurlygyny ýitirenok. Mysal üçin, Gresiýanyň özünde «Turquoise Private Island», Ispaniýada Ibizanyň golaýyndaky «Tagomago», şeýle hem Maldiwlerde we Karib deňzinde baýlar üçin ýörite kireýine berilýän adalar diýseň köp. Olaryň iň meşhury bolsa, milliarder Riçard Brensona degişli bolan «Necker Island» adasydyr.

Gresiýada bir uly jaýyň bahasyna bütiuir adany satyn alyp bolýar, ýöne ol ýerde adaty durmuşda diňe tebigata guwanyp ýaşaýmasaň, uly telekeçilik gurmaga rugsat ýok.


03.06.2026 07:44
6.4k+

Gresiýanyň adasynda pişiklere seredeniň üçin mugt ýaşaýyş jaýy hödürlenilýär

Syroscats haýwanlary goramak guramasy Gresiýanyň Siros adasynda işlemek üçin 2027-nji ýyl boýunça meýletinçileri hasaba alyp başlajakdygyny yglan etdi. Maksatnama gatnaşyjylar pişiklere seredendikleri üçin......

02.06.2026 20:32
7.5k+

Fransiýadaky muzeýden 6,2 million dollara satyn alnan banan ogurlandy

Fransiýanyň Pompidu-Mes merkezinden italýan suratkeşi Maurisio Kattelanyň bahasy 6,2 million dollar töweregi bolan «Komediant» atly sungat eseri ogurlandy. Eser diwara lentanyň kömegi bilen ýelmenen banandan......

30.05.2026 11:30
4.6k+

Tirannozawryň skeleti Sotheby’s auksionynda 30 mln dollara satuwa çykarylar

Sotheby’s auksion öýi häzire çenli tapylan iň uly we doly derejeli tirannozawr skeletleriniň birini satuwa çykarar. Gas atly bu tapyndynyň bahasy 20–30 million dollar aralygynda bahalandyrylýar. Bu barada......

24.05.2026 16:26
6k+

Jekson Pollogyň suraty rekord 181 million dollara satyldy

Jekson Pollogyň «Number 7A, 1948» atly suraty Nýu-Ýorkdaky «Christie’s» auksionynda 181,2 million dollara satyldy. Bu suratkeşiň işleri üçin täze rekorddyr....