Gresiýanyň adasynda pişiklere seredeniň üçin mugt ýaşaýyş jaýy hödürlenilýär

  • 03.06.2026 07:44
  • 6.5k+

Syroscats haýwanlary goramak guramasy Gresiýanyň Siros adasynda işlemek üçin 2027-nji ýyl boýunça meýletinçileri hasaba alyp başlajakdygyny yglan etdi. Maksatnama gatnaşyjylar pişiklere seredendikleri üçin mugt ýaşaýyş jaýy, ertirlik nahary we jemagat hyzmatlarynyň tölegleri üpjün ediler. Bu barada Bild habar berýär.

Arzalary kabul etmek işi sentýabr aýynda başlar. Talap edilýän esasy şerte görä, dalaşgärler hepdede bäş güni, günde bolsa takmynan bäş sagady pişiklere ideg etmäge bagyşlamalydyrlar.

Gurama adada azyndan bir ýarym aý ýaşamaga we özbaşdak işlemäge taýyn bolan, ýaşy 25-den geçen ýekebara meýletinçileri ýa-da maşgala jübtüni (är-aýallary) gözleýär. Weterinaryň kömekçisi bolup işlän ýa-da meýdan pişiklerine seretmekde tejribesi bolanlara artykmaçlyk berler, şol bir wagtda hünär taýdan taýýarlygy bolmadyklaryň hem arza tabşyrmaga hukugy bardyr.

Maksatnamada pul görnüşindäki hak-heşdek göz öňünde tutulmaýar. Gatnaşyjylar gündelik borçlaryny berjaý edenlerinden soň, boş wagtlaryny syýahatçy hökmünde geçirip bilerler.

Siros adasy Egeý deňzinde ýerleşýär we Gresiýanyň syýahatçylar tarapyndan iň az dyknyşyk döredilýän adalarynyň biri hasaplanylýar. Bu ýerde ajaýyp çägeli kenarlar, kiçijik aýlaglar, taryhy arhitektura, kofehanalar we restoranlar bar.


18.06.2026 22:32
4.6k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

16.06.2026 23:05
2.7k+

Haýwanlaryň we adamlaryň aragatnaşygynda meňzeşlik ýüze çykaryldy

Ženewa uniwersitetiniň, Paster institutynyň we reConnect barlag merkeziniň alymlary haýwanlaryň köpüsiniň birmeňzeş depginde ses alyşýandygy baradaky netijä geldi. Ylmy işiň netijeleri «PLOS Biology»......

08.06.2026 10:16
7.6k+

Awstraliýada bahasy 200 müň dollar bolan 100 müňden gowrak ekzotik saçakçy ele salyndy

Awstraliýanyň Täze Günorta Uels ştatynda howpsuzlyk gullugynyň işgärleri umumy bahasy takmynan 200 müň dollar bolan 100 müňden gowrak janly ekzotik saçakçyny ele saldylar. Bu barada The Guardian gazeti habar......

04.06.2026 01:26
17k+

Awstriýada goýunlar üçin «sowut» ýasaldy: möjekden goranmagyň adatdan daşary usuly

Awstriýanyň Karintiýa sebitiniň ýaşaýjysy goýunlar üçin daşy tikenli gorag lybasyny oýlap tapdy. Bu lybas böriler hüjüm edende malyň heläk bolmak howpuny azaltmalydyr. Emma bu oýlap tapyş haýwanlary......