Apple-iň döredilmegi baradaky hakyky şertnama auksionda satylar, ol $4 mln diýlip bahalandyrylýar

  • 28.11.2025 11:03
  • 2.7k+

1976-njy ýylda Apple Computer Company kompaniýasynyň döredilmegine getiren hakyky esaslandyryjy şertnama auksiona çykarylar. Resminama 4 mln dollar töweregi mukdara satylar diýlip garaşylýar.

Christie's auksion öýi ony 2026-njy ýylyň 23-nji ýanwarynda satuwa çykarar.
Üç sahypalyk resminama ahyrynda bazar bahasy 4 trln dollardan geçýän tehnologiýa ägirdine öwrülen Apple-iň döredilmeginiň başlangyç nokady boldy. Resminama toplumyna esaslandyryjylar Stiw Jobs, Stiw Woznýak we Ron Ueýn tarapyndan gol çekilen şertnama girýär.
Resminamada olaryň kompaniýadaky başlangyç paýlary görkezilýär: Jobs bilen Woznýagyň her biri üçin 45%, Ueýn üçin 10%. Şertnama 1976-njy ýylyň 1-nji aprelinde gol çekildi. Ýöne 12-nji aprele çenli Ron Ueýn öz goldawyny yzyna aldy. Ol öz paýy üçin 800 dollar möçberde başlangyç tölegi, soňra ýene 1500 dollar aldy. Eger ol şeýtmedik bolsa, häzirki günde onuň paýy ýüzlerçe milliard dollara deň bolardy. Soň Ueýn paýnamalary satandygyna ökünmeýändigini, sebäbi “şol wagt elinde bar bolan maglumatlaryň esasynda mümkin bolan iň gowy netijäni” kabul edendigini aýtdy.
Taryhy resminamanyň bahasy 2 mln dollardan 4 mln dollara çenli diýlip hasaplanýar. Ol “We the People: America at 250” auksionynda satuwa çykarylar.
Geçen gezek esaslandyryjy şertnama 2011-nji ýylda 1,5 mln dollara satylypdy.


22.06.2026 14:49
1.7k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

21.06.2026 21:09
1.3k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

20.06.2026 16:49
4k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

17.06.2026 07:47
1.5k+

Sotheby’s Pikassonyň, Klimtiň we Modilýaniniň $270 millionlyk eserlerini satuwa çykardy

Sotheby’s auksion öýi Londonda britaniýaly milliarder, «Tottenhem» futbol klubunyň öňki eýesi Jo Lýuisiň kolleksiýasyndan bolan eserleriň sergisini açdy. Bu ýygyndynyň umumy bahasy 270 million dollardan geçýär....