Wan Goguň suraty Sotheby’s auksionynda 62,7 mln dollara satyldy

  • 25.11.2025 15:08
  • 2.6k+

Niderlandly suratkeş Winsent Wan Goguň “Pariž romanlarynyň toplary we bulgurdaky bägüller” suraty Nýu-Ýorkda geçirilen Sotheby’s auksionynda 62,7 mln dollara satyldy. Bu barada NL Times habar berýär.

Suratyň ahyrky bahasy ilkibaşdaky bahadan 35% ýokary boldy. Ony sungaty öwreniji Petti Wong satyn aldy.
Söwda başlamazdan ozal Amsterdaky Wan Gog muzeýiniň hünärmenleri suratyň hakykydygyny tassyklady.
Surat 1887-nji ýylyň ahyrynda, suratkeşiň dogany Teo bilen ýaşaýan we fransuz sungaty bilen işjeň gyzyklanan döwründe Parižde çekildi. Suratda ýumşak daşly kitaplaryň toplary we dury bulgurda bägüller şekillendirilýär. Kitaplaryň köpüsi ýiti sary reňkde bolup, stoluň üstünde sähel tertipsiz dur, olaryň biri bolsa açyk. Bu eser ýagly reňkler bilen çekilipdir. 


22.06.2026 14:49
1.7k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

20.06.2026 16:49
4k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

17.06.2026 07:47
1.5k+

Sotheby’s Pikassonyň, Klimtiň we Modilýaniniň $270 millionlyk eserlerini satuwa çykardy

Sotheby’s auksion öýi Londonda britaniýaly milliarder, «Tottenhem» futbol klubunyň öňki eýesi Jo Lýuisiň kolleksiýasyndan bolan eserleriň sergisini açdy. Bu ýygyndynyň umumy bahasy 270 million dollardan geçýär....

13.06.2026 12:25
4k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......