Baffet we Stefen Karri bilen agşamlyk nahary auksionda 9 million dollara satyldy

  • 19.05.2026 23:15
  • 3.7k+

Meşhur maýadar Worren Baffet we basketbolçy Stefen Karri bilen bilelikde agşamlyk edinmek mümkinçiligi haýyr-sahawat auksionynda 9 million dollara satyldy. Söwdalaşyk eBay platformasynda geçirildi, ýöne ýeňijiniň ady aýan edilmedi.

Gelen serişdeler Glide gaznasyna hem-de Eat. Learn. Play. guramasyna gönükdiriler. Baffetiň her iki tarap üçin hem beriljek haýyr-sahawat kömeginiň möçberini iki esse artdyrmagyna garaşylýar, şonuň netijesinde ýardamyň umumy mukdary, takmynan, 27 million dollara ýetip biler.

San-Fransiskoda iş alyp barýan Glide gaznasy pes girdejili maşgalalara, öýsüzlere we neşe garaşlylygy bolan adamlara goldaw berýär. Baffet bu gurama bilen özüniň birinji aýaly Sýuzan ol ýerde meýletinçi bolandan soň hyzmatdaşlyk edip başlady.

Maýadar bilen agşamlyk nahary guralýan haýyr-sahawat auksionlary 2000-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli her ýyl yzygiderli geçirildi. 2008-nji ýyldan bäri ýeňiji bolan her bir baha 1 million dollardan geçýärdi. Bu ugurdaky rekord 2022-nji ýylda goýuldy, şonda Baffet bilen agşamlyk 19 million dollara satyldy. Bu çäreleriň geçirilen döwründe Glide gaznasyna, takmynan, 53,2 million dollar gelip gowuşdy.

Eat. Learn. Play. guramasy bolsa Stefen Karri we onuň aýaly Aişa Karri tarapyndan esaslandyryldy. Gazna çagalaryň dogry iýmitlenmegi, sowatlylygyny ýokarlandyrmagy we fiziki işjeňligini goldamagy göz önünde tutýan maksatnamalary durmuşa geçirýär.

Auksionyň ýeňijisi we onuň ýedi myhmany bilen agşamlyk nahary 24-nji iýunda Berkshire Hathaway kompaniýasynyň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan Omahada geçiriler.

Stefen Karri «Golden Steýt Uorriorz» klubunda çykyş edýär. Basketbolçy dört gezek NBA-nyň çempiony boldy we iki gezek liganyň iň gymmatly oýunçysy (MVP) baýragyny aldy. ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň düzüminde ol 2010-njy we 2014-nji ýyllarda dünýä çempiony bolmagy başardy.


02.06.2026 20:32
7.5k+

Fransiýadaky muzeýden 6,2 million dollara satyn alnan banan ogurlandy

Fransiýanyň Pompidu-Mes merkezinden italýan suratkeşi Maurisio Kattelanyň bahasy 6,2 million dollar töweregi bolan «Komediant» atly sungat eseri ogurlandy. Eser diwara lentanyň kömegi bilen ýelmenen banandan......

30.05.2026 11:30
4.6k+

Tirannozawryň skeleti Sotheby’s auksionynda 30 mln dollara satuwa çykarylar

Sotheby’s auksion öýi häzire çenli tapylan iň uly we doly derejeli tirannozawr skeletleriniň birini satuwa çykarar. Gas atly bu tapyndynyň bahasy 20–30 million dollar aralygynda bahalandyrylýar. Bu barada......

24.05.2026 16:26
6k+

Jekson Pollogyň suraty rekord 181 million dollara satyldy

Jekson Pollogyň «Number 7A, 1948» atly suraty Nýu-Ýorkdaky «Christie’s» auksionynda 181,2 million dollara satyldy. Bu suratkeşiň işleri üçin täze rekorddyr....

22.05.2026 20:19
4.3k+

Benksiniň suraty tas 18 mln dollara satyldy. Bu onuň iň gymmat üçünji eseri

Benksiniň «Tapylan peýzaždaky gyzjagaz we şar» (2012) atly eseri ýapyk görnüşde geçirilen auksionda 17,94 million dollara satyldy. «The Wall Street Journal» neşiriniň habar bermegine görä, bu söwda bäsleşigi......