Mihael Şumaheriň ilkinji ýeňiji bolan bolidi auksiona çykarylýar

  • 09.01.2026 10:43
  • 3k+

Broad Arrows auksion öýi ýanwar aýynyň ahyrynda Mihael Şumaheriň karýerasyndaky ilkinji ýeňşini gazanan 1992-nji ýyldaky Benetton-Ford bolidini satuwa çykarar. Guramaçylar 05-nji şassi belgili, doly abatlanan bu awtoulagyň azyndan 8,5 million ýewro satylmagyna garaşýarlar.

B192 modeli ilkinji gezek möwsümiň dördünji tapgyrynda — Ispaniýanyň Gran-prisindäki ýaryşda peýda boldy we şonda Şumaher ikinji orny eýeledi. Nemes sürüjisi özüniň ilkinji taryhy ýeňşini bolsa 1992-nji ýylyň awgustynda, Belgiýanyň Gran-prisindäki meşhur Spa-Frankorşam trassasynda gazandy. Ýagyşly howada geçen şol ýaryşda Mihaeliň üstünligine töwekgelçilikli, ýöne dogry saýlanan tekerler, şeýle hem Naýjel Mensell we Rikkardo Patrese tarapyndan dolandyrylan «Williams» bolidleriniň hereketlendirijilerindäki tehniki bökdençlikler ýardam etdi.
Bu sport awtoulagy uzak wagtlap «Benetton-yň» baş edarasynda, soňra bolsa «Renault Classic» kolleksiýasynda saklandy. 2015-nji ýylda «LRS Formula» kompaniýasy awtoulagy doly restawrasiýa etmek üçin satyn aldy. 2016-njy ýyldan bäri bolid hususy bir kolleksiýaçynyň eýeçiliginde dur. Onuň ady aýan edilmese-de, auksionçylar eýesiniň meşhur ýaryş sürüjisidigini belleýärler.
Bu awtomobil ilkinji gezek açyk auksion arkaly satuwa hödürlenýär.
Häzirki wagtda Şumaheriň iň gymmat satylan bolidi Ferrari F2001 bolmagynda galýar. 2025-nji ýylyň maý aýynda bu awtoulag 15 980 000 ýewro bahasy bilen täze eýesine gowuşdy.


19.06.2026 19:42
1.6k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

08.06.2026 08:18
3k+

19 sany Aston Martin DB4 GT Zagato-nyň biri 15 mln dollara auksiona çykaryldy

RM Sotheby’s kompaniýasy 1962-nji ýylda öndürilen Aston Martin DB4 GT Zagato awtomobilini auksiona çykardy. Seýrek duş gelýän bu ulag 12–15 million dollar aralygynda bahalandyrylýar....

04.06.2026 11:43
5.8k+

Peläniň DÇ –1958-iň finalynda geýen köýnekçesi 6 million dollara auksiona çykarylar

Peläniň 1958-nji ýylyň Dünýä çempionatynyň final duşuşygynda geýen köýnekçesi Sotheby’s söwda öýünde auksiona çykarylar. Bäsleşikli söwdalar 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň dowamynda geçiriler....