«Ýyldyz söweşleriniň» ilkinji art-posteri rekord 3,9 mln dollara satyldy

  • 17.12.2025 10:36
  • 1.8k+

«Ýyldyz söweşleri» älemini mahabatlandyrmak üçin döredilen ilkinji surat auksionda rekord 3,875 mln dollara satyldy. Bu barada Associated Press habar berýär.

Art-poster franşiza bilen baglanyşykly ähli predmetler üçin täze rekord goýdy hem-de kinoafişa üçin döredilen iň gymmat hakyky eser boldy.
Heritage Auctions auksiony Dallasda geçirildi. Auksion öýüniň saýty arkaly teklip beren söwdanyň ýeňijisi adynyň aýdylmazlygyny isledi.
Surat hudožnik we kinoposter dizaýneri Tom Ýung tarapyndan akril reňklerini we aerografy ulanmak bilen çekildi. Ilkinji gezek surat 1977-nji ýylyň 13-nji maýynda, Jorj Lukasyň ilkinji filminiň premýerasyndan öň gazet mahabatynda neşir edildi. Soňra surat bilbordlarda, žurnal mahabatynda we teatr programmalarynda ulanyldy. Suratda şöhle gylyjy bilen Lýuk Skaýuoker, şa gyzy Leýa, Dart Weýder, X-wing ýok edijisi, şeýle-de R2-D2 we C-3PO robotlary şekillendirildi.
Suratyň hakyky nusgasy «Ýyldyz söweşleriniň» prodýuseri Geri Kursda saklandy, soňra ol ony öz gyzyna berdi. Kursuň maşgalasy suraty Dallasda Heritage Auctions-yň ştab-kwartirasynda satuwa çykardy. Söwda 1 mln dollardan başlady. Ozal «Ýyldyz söweşleri» bilen baglanyşykly iň gymmat predmet 3,6 mln dollara satylan Dart Weýderiň şöhle gylyjydy. 


22.06.2026 14:49
1.7k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

20.06.2026 16:49
4k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

17.06.2026 07:47
1.5k+

Sotheby’s Pikassonyň, Klimtiň we Modilýaniniň $270 millionlyk eserlerini satuwa çykardy

Sotheby’s auksion öýi Londonda britaniýaly milliarder, «Tottenhem» futbol klubunyň öňki eýesi Jo Lýuisiň kolleksiýasyndan bolan eserleriň sergisini açdy. Bu ýygyndynyň umumy bahasy 270 million dollardan geçýär....

13.06.2026 12:25
4k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......