Frida Kalonyň suraty zenan suratkeşler üçin rekord 54,7 mln dollara satyldy

  • 23.11.2025 00:15
  • 2.6k+

Meksikaly Frida Kalonyň “Düýş” (El sueño) suraty Sotheby’s auksionynda 54,7 mln dollara satyldy – bu zenanlar tarapyndan döredilen suratlar üçin täze rekord boldy diýip, The Wall Street Journal habar berýär.

“Düýş” 1940-njy ýylda çekildi. Suratda çyrmaşyk ösümlikleriň arasynda krowatda ýatan Kalonyň özi şekillendirilýär. Onuň ýokarsynda, ikinji gatda bolsa onuň partlaýjylar we guran güller bilen saralan metaforik skeleti ýatyr. Suratkeş bu suraty ýata bolup, arkasynda hroniki keselden bejergi alýan wagty döretdi (ýaşlykda agyr heläkçilikden soň oňurga şikesini aldy).
Söwda başlamazdan ozal surat 40 mln dollar bilen bahalandyrylypdy.
The Guardian-yň maglumatlaryna görä, surat hususy kolleksiýada saklandy, ýöne eýesiniň ady mälim edilmeýär. Meksikada muzeýlerde we hususy ýygyndylarda saklanýan Kalonyň eserleri sungat ýadygärlikleri hökmünde hasaplanýar we satmak üçin gadagan edilýär. 
Bu şertnamadan öň awtory zenan bolan iň gymmat eser Jorjiýa O’Kiffiň “Dänegerçek/Ak gül № 1” suratydy. Ol 2014-nji ýylda 44,4 mln dollara satyldy.
“Düýş” suratynyň satuwy latynamerikan sungaty üçin hem rekord boldy, ozal ony Frida Kalonyň “Diego we men” (Diego y Yo) suraty saklaýardy. 2021-nji ýylda ol 34,9 mln dollara satylypdy. 


24.06.2026 09:29
4k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

22.06.2026 14:49
1.7k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

20.06.2026 16:49
4k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

18.06.2026 22:32
4.7k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....