Faberženiň “Gyş ýumurtgasy” auksionda rekord 25,7 mln dollara satyldy

  • 04.12.2025 06:41
  • 5.9k+

Russiýanyň soňky imperatory Nikolaý II-niň kolleksiýasyndan Faberženiň “Gyş ýumurtgasy” Londonda geçirilen auksionda 19,5 mln funt sterlinge (25,7 mln dollara deň) satyldy. Bu häzire çenli şeýle görnüşli önüm üçin tölenen iň ýokary baha boldy. Söwdanyň netijesi barada Christie’s auksion öýüne wekilçilik edýän auksionçy Ýuý Ge Wan habar berdi.

Christie’s  komissiýany hasaba alyp, alyjynyň, umuman, 22,9 mln funt sterling (30,2 mln dollar) tölejekdigini belledi. Söwda 17 mln funt sterlingden (22,4 mln dollar) başlady.
“Gyş ýumurtgasy” Nikolaý II-niň 1913-nji ýylda öz ejesine, imperator aýaly Mariýa Fýodorowna pasha sowgady bolupdy. Onuň dizaýnyny ýaş zergär, Karla Faberženiň ussalarynyň biriniň gyzy Alma Pil döretdi.
Ýumurtganyň korpusy dag hrustalyndan ýasaldy we aýaz kristallaryny ýatladýan nagyş bilen bezeldi. Şeýle-de, onuň bezeginde 4 müňden gowrak “bägül” gyraňly göwherler ulanyldy. Ýumurtganyň içinde ýazyň gelendigini alamatlandyrýan kwarsdan we jadeitden ak gülleriň çemeni bilen sebet ýerleşdirildi.
Göwherleri we almazlary berkitmek işi Albert Holmstremiň ussahanasynda alnyp baryldy. Nagyş salmak işi Pýotr Kremlýowyň ýolbaşçylygynda Faberženiň ussahanasynda ýerine ýetirildi.


22.06.2026 14:49
1.7k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

20.06.2026 16:49
4k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

17.06.2026 07:47
1.5k+

Sotheby’s Pikassonyň, Klimtiň we Modilýaniniň $270 millionlyk eserlerini satuwa çykardy

Sotheby’s auksion öýi Londonda britaniýaly milliarder, «Tottenhem» futbol klubunyň öňki eýesi Jo Lýuisiň kolleksiýasyndan bolan eserleriň sergisini açdy. Bu ýygyndynyň umumy bahasy 270 million dollardan geçýär....

13.06.2026 12:25
4k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......