Maradonanyň oýunda urşup ýyrtylan futbolkasy 179 müň dollara satyldy

  • 26.12.2025 12:30
  • 13k+

Diego Maradonanyň 1984-nji ýyldaky Ispaniýa kubogynyň finalynda — "Barselona" we Bilbaonyň "Atletik" toparlarynyň arasyndaky duşuşykda ýyrtylan futbolkasy auksionda 179 müň dollara (23% komissiýasy bilen birlikde) satyldy. Bu barada "Matchday Football Auctions" auksion öýi habar berdi.

FInal duşuşygy Madridiň "Santýago Bernabeu" stadionynda geçip, "Atletigiň" 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanypdy. Final duşuşygyndan soň meýdançada oýunçylaryň arasynda uly dawa-jenjel ýüze çykdy. Maradona bu jenjeliň esasy sebäpkärleriniň biri hökmünde görkezilip, oýunlardan üç aýlyk çetleşdirildi. Şondan gysga wagt soň, "Barselona" oýunçyny şol döwür üçin rekord baha bolan - 10,5 million dollara Italiýanyň "Napoli" klubuna satdy.
"Matchday" neşiriniň berýän maglumatyna görä, ýyrtylan futbolkany geýim çalşylýan otagda katalon klubunyň kir ýuwujysy tapyp alypdyr. Ol bu futbolkany ýadygärlik hökmünde saklap, soňra ony dostuna sowgat beripdir, dosty bolsa ony ogluna miras goýupdyr. Aradan kyrk ýyl geçenden soň, gymmatly geýim auksiona çykaryldy.
Satylmazyndan ozal futbolkanyň hakykylygy barlagdan geçirildi. Mahabat kampaniýasynyň çäginde "Barselonanyň" prezidenti Žoan Laporta hem bu futbolka bilen surata düşdi.
Bu baha argentinaly futbolçynyň klub derejesindäki maýkalary üçin tölenen iň ýokary nyrhdyr. Ondan gymmat diňe Maradonanyň Argentinanyň milli ýygyndysynda geýen we meşhur "Asyryň goluny" geçiren futbolkasy has gymmat satylypdy — ol 2022-nji ýylda "Sotheby’s" auksionynda 9,28 million dollara satylypdy.
Diego Maradona 2020-nji ýylyň noýabrynda 60 ýaşynda aradan çykdy. Ol karýerasynyň dowamynda "Barselona" we "Napoli" toparlaryndan başga-da, "Sewilýa", "Boka Huniors", "Nýuells Old Boýz" we "Arhentinos Huniors" ýaly klublarda çykyş etdi.


düýn 07:47
1.1k+

Sotheby’s Pikassonyň, Klimtiň we Modilýaniniň $270 millionlyk eserlerini satuwa çykardy

Sotheby’s auksion öýi Londonda britaniýaly milliarder, «Tottenhem» futbol klubunyň öňki eýesi Jo Lýuisiň kolleksiýasyndan bolan eserleriň sergisini açdy. Bu ýygyndynyň umumy bahasy 270 million dollardan geçýär....

13.06.2026 12:25
3.9k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

12.06.2026 15:47
11k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....