35 mln dollar: Renuaryň «Siren gülli zenan» eseri 97 ýyldan soň bäsleşikli söwdada

  • 30.04.2026 11:20
  • 2.7k+

«Christie’s» bäsleşikli söwda öýi 18-nji maýda Pýer-Ogýust Renuaryň «Siren gülli zenan» («Женщина с сиренью») atly suratyny 25-35 million dollarlyk bahasy bilen satlyga çykarar. Eser 97 ýyldan bäri ilkinji gezek açyk bazara çykarylýar we ol Nýu-Ýorkda geçiriljek XX asyryň sungaty boýunça agşamky bäsleşikli söwdanyň esasy maksady bolar.

​Surat 1876–1877-nji ýyllarda çekilipdir. Onda ak we gyzgylt gül çemenli ýaş parižli zenan Nini Lopes şekillendirilýär. Ol suratkeşiň özboluşly impressionist stilini kemala getiren döwründe iň gowy gören modelleriniň biridir. Bu zenan Renuaryň 1874-nji ýyldan 1879-njy ýyla çenli döreden 20-den gowrak işinde dürli görnüşde şekillendirilýär.

Çepde: Pýer-Ogýust Renuaryň meşhur eseri «Nini Lopesiň portreti» (1876). Andre Malro adyndaky Häzirki zaman sungaty muzeýi.

Sagda: Pýer-Ogýust Renuar, «Pikir» (La Pensée, 1876–1877). Birmingemdäki Barber instituty.

​1929-njy ýyldan bäri surat amerikan kolleksiýonerleriniň meşhur nesilleriniň biri bolan Uitni Peýsonyň maşgala ýygyndysynda saklanypdyr. Joan Uitni Peýson we onuň adamsy Çarlz eseri 100 000 dollara satyn alypdyrlar. Soňra eser olaryň gyzy Lorinda Peýson de Rulä geçipdir, ol geçen ýyl 95 ýaşynda aradan çykdy. Maý aýyndaky bäsleşikli söwdalarda onuň kolleksiýasyndan jemi dokuz sany iş görkeziler.

​«Christie’s-iň» maglumatlaryna görä, bu Renuaryň soňky onlarça ýylyň dowamynda bazarda peýda bolan iň ähmiýetli suratlarynyň biridir. Şol bir wagtyň özünde, bilermenler onuň 1990-njy ýylda «Mulen de la Galetdäki tans» eseri üçin goýlan 78,1 million dollarlyk rekorddan öňe geçjekdigini tama etmeýärler.


04.06.2026 17:17
5.9k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......

03.06.2026 23:15
3.8k+

Özbegistanda hususy teatrlar we kino önümçiligi salgytlardan boşadyldy

Özbegistanda kino pudagyny we döredijilik ulgamyny goldamagyň täze çäreleri durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda hususy teatrlara, kinematografiýa pudagyna hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň ýurduň çäginde......

03.06.2026 18:04
2.4k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

02.06.2026 20:32
7.6k+

Fransiýadaky muzeýden 6,2 million dollara satyn alnan banan ogurlandy

Fransiýanyň Pompidu-Mes merkezinden italýan suratkeşi Maurisio Kattelanyň bahasy 6,2 million dollar töweregi bolan «Komediant» atly sungat eseri ogurlandy. Eser diwara lentanyň kömegi bilen ýelmenen banandan......