Seýrek duşýan Pokémon karty üçin auksionda rekord derejede 16,5 million dollar tölendi

  • 18.02.2026 09:30
  • 4.1k+

Pokémon ýapon franşizasynyň iň seýrek kolleksiýa kartlarynyň biri ABŞ-da geçirilen auksionda 16,5 million dollara satyldy. The Japan Times gazetiniň habar bermegine görä, bu gymmatbahaly eksponaty Ak Tamyň öňki metbugat sekretary Entoni Skaramuççiniň ogly satyn aldy.

Bu baha diňe bir Pokémon taryhynda däl, eýsem tutuş kolleksiýa kartlarynyň bazarynda absolýut rekord boldy. Goldin auksion öýüniň maglumatlaryna görä, ýüzünde Pikaçunyň şekili bolan bu kart ozal hem rekord goýupdy. 2021-nji ýylda meşhur bloger Logan Pol ony 5,3 million dollara satyn alypdy. 2026-njy ýylda bolsa kartyň täze bahasy üç esse diýen ýaly ýokarlandy.
Bu kart adaty kagyzdan däl, eýsem hakyky zergärçilik sungat eseri hökmünde ýasalypdyr. Ol arassa altyndan ýasalan kulon görnüşinde edilipdir.
Jemi 35 karatlyk 10 000-e golaý göwher bilen bezelen. Kulonyň birigýän ýeri bolsa goşmaça 6,5 karatlyk göwherler bilen örtülen we altyn zynjyra berkidilen.
Bu kart 1998-nji ýylda diňe 41 nusgada çykarylypdy. Deňeşdirmek üçin, 2025-nji ýyla çenli dünýäde 75 milliarddan gowrak adaty Pokémon kartlary çap edildi.
Rekord goýan bu kart Professional Sports Authenticator (PSA) tarapyndan iň ýokary baha (Grade 10) alan dünýädäki ýeke-täk nusgadyr.
1996-njy ýylda Nintendo tarapyndan döredilen Pokémon franşizasy häzirki wagtda dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir. Eş we Pikaçunyň başdan geçirmeleri baradaky teleserial dünýäniň 192 ýurdunda görkezilip, birnäçe nesliň söýgüli gahrymanyna öwrüldi.


24.06.2026 09:29
4k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

22.06.2026 14:49
1.7k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

20.06.2026 16:49
4k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

18.06.2026 22:32
4.7k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....