Mihael Şumaheriň ýaryş ulagy auksionda azyndan 5,5 mln ýewro satylar

  • 16.01.2026 16:44
  • 1.5k+

«Formula-1-iň» ýedi gezek dünýä çempiony Mihael Şumaheriň ýaryş ulagy ýanwar aýynyň ahyrynda 5,5 mln ýewrodan 7,5 mln ýewro çenli baha bilen Sotheby’s auksionyna çykarylar.

Şumaher Ferrari F310 B ulagyny 1997-nji ýylda Belgiýanyň Gran-prisiniň ýaryş uikendinde sürdi. Ulag Spa-Frankoşam ýolunda geçirilen saýlama ýaryşlarynda ulanyldy.
Şol ýyl Italiýanyň we Awstriýanyň Gran-prilerinde ruluň başyna onuň topardaşy Eddi Irwaýn hem geçdi.
1999-njy ýylda bolid kolleksionerler toparyna satyldy. Şondan soň ol dürli çärelerde, şol sanda 2019-njy ýylda Şumaheriň 50 ýyllygyna bagyşlanyp, Beýik Britaniýanyň Gudwud ýolunda geçirilen Tizlik festiwalynda hem-de ABŞ-daky çärelerde ulanyldy.
Auksion 28-nji ýanwarda geçiriler.
Mihael Şumaher 1996-njy ýyldan 2006 ýyl aralygynda «Ferraride» çykyş eden germaniýaly ýaryşa gatnaşyjydyr. Ol topar bilen bilelikde yzygider bäş çempionlyk titulyny gazandy, ýöne «Formula-1-däki» ilkinji iki titulyna 1994-nji we 1995-nji ýyllarda «Benettonyň» düzüminde wagty mynasyp boldy.
2013-nji ýylyň dekabrynda Şumaher Alplardaky dag lyžasynda agyr şikes aldy. 2021-nji ýylda çykan Netflix-iň dokumental filminde Şumaheriň aýaly we ogly onuň özbaşdak hereket etmäge hem-de daş-töwerekdäkiler bilen doly derejeli aragatnaşygy saklamaga ukyply däldigini aýtdy. 


19.06.2026 19:42
1.4k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

08.06.2026 08:18
3k+

19 sany Aston Martin DB4 GT Zagato-nyň biri 15 mln dollara auksiona çykaryldy

RM Sotheby’s kompaniýasy 1962-nji ýylda öndürilen Aston Martin DB4 GT Zagato awtomobilini auksiona çykardy. Seýrek duş gelýän bu ulag 12–15 million dollar aralygynda bahalandyrylýar....

04.06.2026 11:43
5.8k+

Peläniň DÇ –1958-iň finalynda geýen köýnekçesi 6 million dollara auksiona çykarylar

Peläniň 1958-nji ýylyň Dünýä çempionatynyň final duşuşygynda geýen köýnekçesi Sotheby’s söwda öýünde auksiona çykarylar. Bäsleşikli söwdalar 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň dowamynda geçiriler....