Merilin Monronyň süren seýrek Mercedes-Benz awtoulagy auksiona çykaryldy

  • 20.04.2026 15:52
  • 4.2k+

Iconic Auctioneers auksion öýi 1956-njy ýylda aktrisa Merilin Monronyň süren, 1950-nji ýylda öndürilen üýtgeşik Mercedes-Benz 170 S (W136) awtoulagyny auksionda satar.

Kämil görnüşde dikeldilen awtoulagyň bahasy 120 000 – 160 000 funt sterling aralygynda (162 000 – 216 000 dollar aralygynda).

Ulagyň kino ýyldyzy bilen baglanyşygy "MM" monogrammaly çemedanlar toplumy we 1956-njy ýylyň fewral aýynda gol çekilip, aktrisanyň adyna resmileşdirilen ätiýaçlandyryş şahadatnamasy arkaly häzirki eýesi tarapyndan anyklandy.

Resminama Monronyň bu awtoulagy Ýewropa syýahatlary mahalynda ulanandygyny tassyklaýar. Şeýle monogramma awtoulagyň alynky panelini hem bezeýär.

Bu del awtoulag Beýik Britaniýada zindelfingenli inženerleriň kömegi bilen doly abatlanyp dikeldildi. Awtoulag, esasan, asyl şaýlar we hakyky çyzgylar ulanylyp, başdanaýak täzeden ýygnaldy.

Mercedes-Benz 170 S-iň kapotynyň aşagynda 52 at güýjüne eýe bolan 1,7 litrlik dört silindrli hereketlendiriji ýerleşýär we awtoulagyň geçen aralygy 70 müň kilometrden sähel gowrak.


düýn 16:49
2.3k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

17.06.2026 07:47
1.4k+

Sotheby’s Pikassonyň, Klimtiň we Modilýaniniň $270 millionlyk eserlerini satuwa çykardy

Sotheby’s auksion öýi Londonda britaniýaly milliarder, «Tottenhem» futbol klubunyň öňki eýesi Jo Lýuisiň kolleksiýasyndan bolan eserleriň sergisini açdy. Bu ýygyndynyň umumy bahasy 270 million dollardan geçýär....

13.06.2026 12:25
3.9k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

02.06.2026 20:32
7.7k+

Fransiýadaky muzeýden 6,2 million dollara satyn alnan banan ogurlandy

Fransiýanyň Pompidu-Mes merkezinden italýan suratkeşi Maurisio Kattelanyň bahasy 6,2 million dollar töweregi bolan «Komediant» atly sungat eseri ogurlandy. Eser diwara lentanyň kömegi bilen ýelmenen banandan......