Rouza aşyk bolan “Titanigiň” ýolagçysynyň haty auksiona çykaryldy

  • 20.11.2025 12:49
  • 6.7k+

Öz gündeliginde Rouz atly zenana bolan duýgulary barada ýazan “Titanigiň” ýolagçysynyň haty auksiona çykaryldy. Bu barada Daily Mail habar berýär.

21 ýaşly Ernest Tomlin üçünji derejeli ýolagçydy. Ilkibaşda ol başga bir gämä – “Adriatige” petek satyn alypdy, ýöne ahyrynda ol “Titanik” gämisine geçirildi. Tomlin gämä Sautgemptonda mündi. Ol dini ylymlar boýunça dereje almak maksady bilen ABŞ-a ugrapdy.
10-njy aprelde 15:00-da ol ene-atasyna bäş sahypalyk hat ugratdy. Onda Tomlin bile bolmak miýesser etmejek Rouz sebäpli gije-gündiz aglandygyny boýun aldy. Şeýle-de, ol gynanç bilen maşgalasyndan aýrylýandygyny ýazypdyr. 15-nji aprelde Ernest Tomlin gäminiň heläkçilige uçran wagty beýleki ýüzlerçe ýolagçylar bilen birlikde heläk boldy.

“Bellibir derejede Ernest, hakykatdanam, Leonardo Di Kaprionyň gahrymany Jek Dousona meňzeş: ol üçünji derejeli ýolagçy bolupdyr, bortda humarly oýunlary oýnapdyr we görnüşi ýaly, Rouz atly zenana aşyk bolupdyr” – diýip, auksionçy Endrýu Oldrij belledi.

Tomliniň jesedi tapyldy. Onuň ýanynda şahsy gündeligi bolup, onda soňky ýazgy 10-njy aprel bilen senelenýär we ýekeje söz – “Titanik” bar.
Garyndaşlary Ernestiň şahsy goşlaryny saklady we ilkinji gezek olary auksiona çykarmak kararyna geldi. Auksion 22-nji noýabrda bolar. 


22.06.2026 14:49
1.7k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

20.06.2026 16:49
4k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

17.06.2026 07:47
1.5k+

Sotheby’s Pikassonyň, Klimtiň we Modilýaniniň $270 millionlyk eserlerini satuwa çykardy

Sotheby’s auksion öýi Londonda britaniýaly milliarder, «Tottenhem» futbol klubunyň öňki eýesi Jo Lýuisiň kolleksiýasyndan bolan eserleriň sergisini açdy. Bu ýygyndynyň umumy bahasy 270 million dollardan geçýär....

13.06.2026 12:25
4k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......