«Oasis» toparynyň agzasy Noel Gallaheriň gitarasy auksionda 96 müň dollara satyldy

  • 30.04.2026 07:51
  • 1.2k+

Britaniýanyň «Oasis» rok-toparynyň esaslandyryjylarynyň biri Noel Gallaheriň gitarasy Nýu-Ýorkdaky Sotheby’s auksionynda 96 müň dollara satyldy. Bu barada «Bi-bi-si» habar berýär.

Sazanda «Epiphone EJ-200» akustiki gitarasyny 1995-nji ýylda çykan «(What’s the Story) Morning Glory?» albomynyň ýazylyşygynda ulanypdyr. «Sotheby’s» auksion öýi guralyň örän gowy ýagdaýdadygyny we onda sazandanyň golunyň bardygyny belledi.

«Oasis» topary 1991-nji ýylda doganlar Noel we Liam Gallaherler tarapyndan esaslandyryldy. Topar 2009-njy ýylda doganlaryň arasyndaky dawa sebäpli dargapdy. 2024-nji ýylda toparyň täzeden birleşýändigi mälim boldy. 2025-nji ýylda sazandalar «Live’25» ady bilen dünýä boýunça konsert syýahatyny geçirdi.


08.06.2026 16:29
3.9k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....

06.06.2026 14:40
2.6k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....

06.06.2026 07:56
2.3k+

«Metallica» rok topary Gyzyl Haç jemgyýetine 10 müňe golaý donor toplap berdi

«Metallica» toparynyň Germaniýada geçiren konsertleriniň dowamynda «Nemes Gyzyl Haç» jemgyýeti bilen bilelikde guralan gan tabşyrmak çäresine 10 müňe golaý adam gatnaşdy....

04.06.2026 17:17
5.9k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......