Üýtgeşik «Ocean Dream» göwheri bolan ýüzük rekord 17,3 mln dollara satyldy

  • 15.05.2026 18:24
  • 3.3k+

Seýrek duşýan «Ocean Dream» göwheri oturdylan ýüzük Ženewada geçirilen Christie’s auksionynda 13,57 million şweýsar frankyna (takmynan, 17,37 million dollar) satyldy.

Söwdalar Kaşaňlyk hepdeliginiň çäginde geçirilip, 20 minut töweregi dowam etdi. Auksion öýüniň berýän maglumatyna görä, bu haryt auksion taryhynda häzire çenli satylan iň gymmat ýiti gök-ýaşyl reňkli göwher boldy. Şeýle-de, ol Ženewadaky häzirki Kaşaňlyk hepdeliginiň iň gymmat bahaly predmeti hökmünde hasaba alyndy.

Ýüzügiň merkezinde agramy 5,5 karat bolan üçburçluk görnüşli göwher ýerleşýär. Onuň daşyny romb görnüşinde ýonulan ýigrimä golaý ak göwher gurşaýar.

Christie’s-iň wekilleriniň habar bermegine görä, bu daş 1990-njy ýyllarda Merkezi Afrika Respublikasynda tapyldy. Smitson instituty reňkiniň we durulygynyň utgaşmasy boýunça ony dünýäniň iň seýrek sekiz almazynyň sanawyna girizdi.

Mundan ozal hem «Ocean Dream» auksiona çykarylypdy. Bu ýüzük ilkinji gezek 2014-nji ýylyň maýynda Ženewada 7,7 million şweýsar frankyna satyldy.


25.06.2026 17:08
11k+

160 kg altyn teňňe ýitdi: Sankt-Peterburgda «asyryň ogurlygy» derňelýär

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde bankyň saklawhanasyndan altyn maýa goýum teňňeleriniň ogurlandy. Häzir bu jenaýat boýunça uly iş gozgalyp, derňew işleri alnyp barylýar. Derňewiň maglumatlaryna görä, ýiten......

22.06.2026 14:49
1.8k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

20.06.2026 16:49
4k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

17.06.2026 07:47
1.5k+

Sotheby’s Pikassonyň, Klimtiň we Modilýaniniň $270 millionlyk eserlerini satuwa çykardy

Sotheby’s auksion öýi Londonda britaniýaly milliarder, «Tottenhem» futbol klubunyň öňki eýesi Jo Lýuisiň kolleksiýasyndan bolan eserleriň sergisini açdy. Bu ýygyndynyň umumy bahasy 270 million dollardan geçýär....