«Christie’s» auksionynda 3,5 million dollarlyk pil satlyga çykarylar

  • 06.05.2026 10:08
  • 5.3k+

Şu aýda «Christie’s» auksion öýi häzirki zaman sungat eserlerini satuwa çykarar, olaryň arasynda potolokdan asylyp goýlan pil hem bar.

Office Life neşiriniň habar bermegine görä, bu pil 2,5–3,5 million dollar aralygynda bahalanýar. Gürrüň adaty hojalyk guraly barada däl-de, eýsem meşhur fransuz-amerikan suratkeşi Marsel Dýuşanyň «Goluň döwülmeginiň öňüsyrasynda» atly heýkeli barada gidýär. Suratkeş adaty önümleri gurşawyň we garaýşyň üýtgemegi netijesinde sungat eserine öwürýän «redi-meýd» ugrunyň düýbüni tutujy hasaplanýar.

Bu iş ilkinji gezek 1915-nji ýylda döredildi. Bir çaklamada gürüň berilişine görä, suratkeş gezelenç edip ýörkä, bir dükanyň öňünde gyş harasatyndan öň satuwa çykarylan pilleri görýär. Olaryň birini satyn alyp, gol çekýär we ussahanasynda asyp goýýar. Auksionda bolsa eseriň has soňrak, ýagny 1964-nji ýylda döredilen nusgasy hödürlenýär.

Şeýle-de, söwdalarda Mark Şagalyň «Sirkdäki gyzyl şa gyzy» (1980) atly suraty hem satuwa çykaryldy we oňa 2–3 million dollar baha kesildi. Bu eserde suratkeşiň çagalykda Witebskide gören sergezdan artistleriniň çykyşlary baradaky ýatlamalary beýan edilýär. Kompozisiýanyň merkezinde gujaklaşyp duran keşpler suratkeşiň özüni we aýaly Bellany aňladýar.

Suratyň hakykylygy Şagal komiteti tarapyndan tassyklanyldy.


30.05.2026 11:30
4k+

Tirannozawryň skeleti Sotheby’s auksionynda 30 mln dollara satuwa çykarylar

Sotheby’s auksion öýi häzire çenli tapylan iň uly we doly derejeli tirannozawr skeletleriniň birini satuwa çykarar. Gas atly bu tapyndynyň bahasy 20–30 million dollar aralygynda bahalandyrylýar. Bu barada......

28.05.2026 12:25
1.7k+

Aýwazowskiniň "Dokuzynjy gom" eseri ilkinji gezek doly restawrasiýadan geçiriler  

Iwan Aýwazowskiniň Rus muzeýiniň ýygyndysyndaky meşhur "Dokuzynjy gom" kartinasy ilkinji gezek doly restawrasiýa ediler diýip, muzeýiň metbugat gullugy habar berdi....

27.05.2026 15:32
2.6k+

Argentinaly suratkeş reňkini üýtgedýän eserleri bilen meşhurlyk gazandy

Argentinaly suratkeş Gwido Llordi serediş burçuna we ýagtylyga görä reňkini üýtgedýän suratlary bilen uly meşhurlyk gazandy....

26.05.2026 15:18
1.9k+

Dubaýda sebitiň ilkinji sanly sungat muzeýi açylar

Dubaýda Ýakyn Gündogaryň ilkinji sanly sungat muzeýi bolan Museum of Digital Art (MODA) açylar....