“Titanigiň” ýolagçysynyň altyn sagady auksionda rekord $2,33 milliona satyldy

  • 27.11.2025 11:21
  • 5.6k+

“Titanigiň” ýolagçysynyň altyn jübi sagady Henry Aldridge and Son auksionynda $2,33 million dollara satyldy. The New York Times gazeti bu bahanyň meşhur gämi bilen baglanyşykly ýadygärlik zatlaryň arasynda rekord bolandygyny ýazýar.

Sagat Macy’s söwda torunyň eýeleriniň biri bolan Isidor Ştrausa degişlidi. Ol aýaly Ida bilen “Titanik” gämisiniň birinji klasynda syýahat edýärdi. Sagatda onuň adynyň we familiýasynyň baş harplary hem-de onuň 43 ýaşy haşamlanyp ýazylypdyr. Gämi aýsberg bilen çaknyşanda, Ştrauslar halas ediji gaýyga münmekden ýüz öwrüp, gämide galypdyrlar. Biraz soň olaryň bu hekaýaty Jeýms Kemeron üçin ylham çeşmesi bolup, 1997-nji ýylda çykan “Titanik” filmine toslanyp tapylan sahna goşulypdyr. Şol sahnada ykbalyna kaýyl bolan garry jübütler düşekde biri-birini gujaklap ýatyrlar.
67 ýaşly Isidor Ştrausyň jesedi betbagtçylykdan takmynan iki hepde soň tapylypdyr; aýalynyň jesedi welin tapylmandyr. Sagat 1912-nji ýylyň 15-nji aprelinde, ir sagat 2:20-de durup galypdyr. Ol Strauslaryň maşgalasyna olaryň beýleki şahsy goşlary bilen birlikde berlipdir. Şonuň üçin hem sagat ilkinji gezek satuwa çykaryldy.

Mundan başga-da, auksionda $131 müň dollara Ida Ştrausyň “Titanigiň” resmi blankynda ýazan haty hem satyldy.

“Nähili gämi! Şeýle bir uly, kaşaň zatlar aýratyn inçelik we özüne çekijilik bilen göwnejaý ýerleşdirilipdir” – diýip, Ida Ştraus öz hatynda missis Berbrij diýilýän birine gürrüň berýär.


22.06.2026 14:49
1.7k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

20.06.2026 16:49
4k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

17.06.2026 07:47
1.5k+

Sotheby’s Pikassonyň, Klimtiň we Modilýaniniň $270 millionlyk eserlerini satuwa çykardy

Sotheby’s auksion öýi Londonda britaniýaly milliarder, «Tottenhem» futbol klubunyň öňki eýesi Jo Lýuisiň kolleksiýasyndan bolan eserleriň sergisini açdy. Bu ýygyndynyň umumy bahasy 270 million dollardan geçýär....

13.06.2026 12:25
4k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......