Ferrarini döreden adamyň şahsy kostýumyny auksionda 200 müň dollara satmak isleýärler

  • 08.02.2026 00:19
  • 5.4k+

Ferrari kompaniýasynyň esaslandyryjysy Enso Ferrariniň kostýumyny RM Cavallino Palm auksionynda satmak meýilleşdirilýär. Bu barada Road & Track neşiri habar berýär.

Kostýum 1979-njy ýylda Ferrari brendiniň ady rowaýata öwrülen esaslandyryjysynyň hut özi tarapyndan sargyt edilipdir. Lotuň bahasy takmynan 200 müň dollardyr. Bu orta derejeli Ferrari awtoulagynyň bahasyna barabardyr.
Kostýumy Enso Ferrariniň şahsy tikinçisi Gabriel Bertassoni tikipdir we ol onuň ömrüniň ahyrky ýyllarynda özüne mahsus stilini kemala getirmäge kömek edipdir. Kostýumyň sargyt edilişini jikme-jik beýan edýän resminamalar hem lotuň ýanyna goşulýar. Enso Ferrari ony 1970-nji ýyllaryň başyndan 1980-nji ýyllaryň ortalaryna çenli geýipdir.


Arhiw materiallarynda önümçilikde ulanylan matalaryň nusgalary hem saklanyp galypdyr. Kostýumlar üçin Ermenegildo Zegna we Scabal kompaniýalarynyň dürli reňklerdäki we nagyşly ýokary hilli ýüň matalary saýlanypdyr.
Şeýle hem, auksionda sargyt boýunça taýýarlanan Marelli deri aýakgaplary bar. Her bir haryt onuň hakykylygyny tassyklaýan gol çekilen hat bilen birlikde satylýar.


19.06.2026 19:42
1.4k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

08.06.2026 08:18
3k+

19 sany Aston Martin DB4 GT Zagato-nyň biri 15 mln dollara auksiona çykaryldy

RM Sotheby’s kompaniýasy 1962-nji ýylda öndürilen Aston Martin DB4 GT Zagato awtomobilini auksiona çykardy. Seýrek duş gelýän bu ulag 12–15 million dollar aralygynda bahalandyrylýar....

04.06.2026 11:43
5.8k+

Peläniň DÇ –1958-iň finalynda geýen köýnekçesi 6 million dollara auksiona çykarylar

Peläniň 1958-nji ýylyň Dünýä çempionatynyň final duşuşygynda geýen köýnekçesi Sotheby’s söwda öýünde auksiona çykarylar. Bäsleşikli söwdalar 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň dowamynda geçiriler....

03.03.2026 11:39
1.2k+

Formula-1 McLaren topary Ferrari we Mercedes-den has az pul baýragyny gazandy

PLanetF1 neşiri Formula-1 toparlarynyň 2025 möwsümi üçin alan pul baýraklaryny hasaplady. Geň ýeri, soňky iki ýylyň Konstruktorlar kubogynyň eýesi bolan McLaren toparlarynyň arasynda 165,8 million dollar bilen dördünji orny eýeledi...