Formula-1 McLaren topary Ferrari we Mercedes-den has az pul baýragyny gazandy

  • 03.03.2026 11:39
  • 1.1k+

PLanetF1 neşiri Formula-1 toparlarynyň 2025 möwsümi üçin alan pul baýraklaryny hasaplady. Geň ýeri, soňky iki ýylyň Konstruktorlar kubogynyň eýesi bolan McLaren toparlarynyň arasynda 165,8 million dollar bilen dördünji orny eýeledi.

Iň uly töleg Ferrari toparyna ($277,7 mln) düşdi. Hatda, hakyky çempionlardan — McLaren-den Mercedes ($230,8 mln) bilen Red Bull ($202,9 mln) hem has köp pul gazandy. Bu Ferrari-niň ýyllyk taryhy bonusy, şeýle hem Mercedes we Red Bull toparlarynyň 2010-njy ýyllaryň ikinji ýarymynda we 2020-nji ýyllaryň başynda agalyk etmegi sebäpli alýan goşmaça tölegleri bilen baglydyr.

PLanetF1-iň hasabaty boýunça Formula-1 toparlarynyň baýrak pullary:

  • Ferrari – $277,7 mln;
  • Mercedes – $230,8 mln;
  • Red Bull – $202,9 mln;
  • McLaren – $165,8 mln;
  • Aston Martin–$109,3 mln;
  • Alpine – $99,9 mln;
  • Haas – $91,5 mln;
  • Racing Bulls – $82 mln;
  • Williams – $77,2 mln;
  • Kick-Sauber – $63,1 mln.

Formula-1-iň öz ýyllyk girdejisi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 14% ýokarlanyp, 3,87 milliard dollar boldy. Ýaryşyň metbugat gullugy ösüşiň 1,38 milliard dollar bilen rekord dördünji çärýegi üpjün edendigini habar berdi. Bu, 2024-nji ýyldakydan ($1,13 mlrd) 22% köpdür.

Şunlukda umumy işjeňlik girdeji 28% — 492 million dollardan 632 million dollara çenli ýokarlandy. Myhmanhanaçylyk we ygtyýarlandyrmak hyzmatlaryny goşmak bilen beýleki girdejiler hem 20% artyp, 787 million dollara ýetdi.

Ýaryşlara gatnaşyjylaryň sany hem köpeldi. Olar 4% artyp, 6,75 million adam boldy. Göni ýaýlymdaky tomaşaçylarynyň sany bolsa 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 21% ýokarlandy.


29.05.2026 15:15
16k+

Ronaldunyň iň gowy 5 awtoulagy: 10 mln dollarlyk Bugatti we Joržinanyň sowgat eden «Gelendwageni»

Ýakynda Saud Arabystanynyň çempiony bolan Kriştianu Ronaldu dünýäniň iň köp gazanýan futbolçysy bolmagynda galýar....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....