Nikolas Keýjden ogurlanan Supermen barada komiks rekord 15 mln dollara satyldy

  • 12.01.2026 11:10
  • 3.4k+

Supermen barada komiksiň ilkinji sanynyň seýrek nusgasy ABŞ-da 15 mln dollara satyldy. Bu barada ComicConnect auksion öýüniň saýtynda habar berildi.

Gürrüň ozal aktýor Nikolas Keýje degişli bolan nusga barada gidýär. 2000-nji ýylda komiks onuň kolleksiýasyndan ogurlandy, ýöne 2011-nji ýylda tapylyp, eýesine gaýtarylyp berildi. Soňra bu nusga auksiona çykarylyp, 2,2 mln dollara satyldy. Şol wagt bu baha rekord boldy.

«Ine, kysmatyň oýny nirede. 11 ýylyň dowamynda onuň bahasy ep-esli ýokarlandy. Ogry ony ogurlap, Nikolas Keýje uly pul getirdi» — diýip, Metropolis/ComicConnect-yň baş direktory Stiwen Fişler belleýär.

Bu gezek komiks 15 mln dollara satylyp, täze baha rekordyny goýdy. Auksion öýünde onuň ýagdaýy «haýran galdyryjy» diýlip häsiýetlendirildi. Satyjynyň we alyjynyň atlary aýdylmaýar.
Komiksiň daşynda Supermen gök trikoda we gyzyl plaşda şekillendirilýär. Ol kellesinden ýokarda kapoty gaýa urlan ýaşyl awtomobili saklap dur. Komiksiň bu sany 1938-nji ýylyň iýulynda çykdy. Şonda gahryman kagyz ýüzünde ilkinji gezek peýda boldy.
Ozal Tehas ştatyndaky auksionda Supermen barada 1939-njy ýylda çykarylan başga komiks satyldy. Onuň bahasy 9,12 mln dollar boldy. 


22.06.2026 14:49
1.7k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

20.06.2026 16:49
4k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

17.06.2026 07:47
1.5k+

Sotheby’s Pikassonyň, Klimtiň we Modilýaniniň $270 millionlyk eserlerini satuwa çykardy

Sotheby’s auksion öýi Londonda britaniýaly milliarder, «Tottenhem» futbol klubunyň öňki eýesi Jo Lýuisiň kolleksiýasyndan bolan eserleriň sergisini açdy. Bu ýygyndynyň umumy bahasy 270 million dollardan geçýär....

13.06.2026 12:25
4k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......