Hokusaýyň “Uly tolkun” grawýura eseriniň irki kagyz nusgasy 2,8 mln dollara satyldy

  • 28.11.2025 09:42
  • 2.1k+

Kasusika Hokusaýyň “Kanagawanyň kenarlaryndaky uly tolkun” grawýura eseriniň irki kagyz nusgalarynyň biri Gonkongdaky Sotheby’s auksionynda 2,8 mln dollara satyldy. Bu mukdar 0,6 – 1 mln dollar bolan başlangyç bahadan ep-esli ýokarydyr.

Grawýura Okada çeperçilik muzeýiniň kolleksiýasyna girýärdi. Ýöne muzeý öz esaslandyryjysynyň, ýapon milliarderi Kadzuo Okadanyň bergileri sebäpli sungat predmetlerini satyp başlady. Ol 2018-nji ýyldaky kazyýet işinde öz bähbitlerini goran amerikan hukuk firmasyna 50 mln dollar tölemeli.
Hokusaýyň “Kanagawadaky uly tolkun” kartinasy dünýäde iň belli sungat eserleriniň biri bolup galýar. Satylan nusga biziň günlerimize çenli saklanyp galan 113 kagyz nusgasynyň biridir. 


02.06.2026 20:32
7.4k+

Fransiýadaky muzeýden 6,2 million dollara satyn alnan banan ogurlandy

Fransiýanyň Pompidu-Mes merkezinden italýan suratkeşi Maurisio Kattelanyň bahasy 6,2 million dollar töweregi bolan «Komediant» atly sungat eseri ogurlandy. Eser diwara lentanyň kömegi bilen ýelmenen banandan......

30.05.2026 11:30
4.6k+

Tirannozawryň skeleti Sotheby’s auksionynda 30 mln dollara satuwa çykarylar

Sotheby’s auksion öýi häzire çenli tapylan iň uly we doly derejeli tirannozawr skeletleriniň birini satuwa çykarar. Gas atly bu tapyndynyň bahasy 20–30 million dollar aralygynda bahalandyrylýar. Bu barada......

24.05.2026 16:26
6k+

Jekson Pollogyň suraty rekord 181 million dollara satyldy

Jekson Pollogyň «Number 7A, 1948» atly suraty Nýu-Ýorkdaky «Christie’s» auksionynda 181,2 million dollara satyldy. Bu suratkeşiň işleri üçin täze rekorddyr....

22.05.2026 20:19
4.3k+

Benksiniň suraty tas 18 mln dollara satyldy. Bu onuň iň gymmat üçünji eseri

Benksiniň «Tapylan peýzaždaky gyzjagaz we şar» (2012) atly eseri ýapyk görnüşde geçirilen auksionda 17,94 million dollara satyldy. «The Wall Street Journal» neşiriniň habar bermegine görä, bu söwda bäsleşigi......