Dünýäde tapylgysyz gök-ýaşyl reňkli «The Ocean Dream» göwheri satlyga çykarylýar

  • 07.05.2026 11:20
  • 4.1k+

Ženewada geçiriljek «Christie’s» auksionynyň maý söwdalarynda dünýäniň iň seýrek reňkli daşlarynyň biri bolan «The Ocean Dream» (Umman arzuwy) göwheri satuwa çykarylar.

Bu göwheriň goýy gök we deňiz ýaşyl reňkli öwüşgini üýtgeşik gözelligi döredýär. Amerika gemologiýa instituty (GIA) tarapyndan 1931-nji ýyldan bäri hasaba alnan iň uly açyk gök-ýaşyl reňkli göwheriň agramy 5,50 karata deňdir.

Üçburçluk görnüşinde ýonulan bu gymmat bahaly daş almazlaryň örän seýrek duş gelýän «Ia» görnüşine degişli bolup, ol 1990-njy ýyllarda Merkezi Afrikada tapylan 11,70 karatlyk almaz kristalyndan alyndy.

«The Ocean Dream» göwheri öň 2003-nji ýylda Waşingtonda geçirilen «Splendor of Diamonds» sergisinde görkezildi we Smitson instituty tarapyndan dünýäniň iň seýrek sekiz göwheriniň sanawyna girizildi.

Göwher 2026-njy ýylyň 13-nji maýynda «Four Seasons Hotel des Bergues» myhmanhanasynda geçiriljek «Magnificent Jewels» atly auksionda satuwa hödürlener. Onuň takmynan bahasy 8,9 milliondan 12,7 million dollara çenli bolar diýlip garaşylýar.


20.06.2026 16:49
3.3k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

17.06.2026 07:47
1.5k+

Sotheby’s Pikassonyň, Klimtiň we Modilýaniniň $270 millionlyk eserlerini satuwa çykardy

Sotheby’s auksion öýi Londonda britaniýaly milliarder, «Tottenhem» futbol klubunyň öňki eýesi Jo Lýuisiň kolleksiýasyndan bolan eserleriň sergisini açdy. Bu ýygyndynyň umumy bahasy 270 million dollardan geçýär....

13.06.2026 12:25
3.9k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

02.06.2026 20:32
7.7k+

Fransiýadaky muzeýden 6,2 million dollara satyn alnan banan ogurlandy

Fransiýanyň Pompidu-Mes merkezinden italýan suratkeşi Maurisio Kattelanyň bahasy 6,2 million dollar töweregi bolan «Komediant» atly sungat eseri ogurlandy. Eser diwara lentanyň kömegi bilen ýelmenen banandan......