Şerlok Holmsuň älemindäki professor Moriarti hakynda aýratyn serial düşüriler

  • 02.06.2026 20:48
  • 1.6k+

Artur Konan Doýluň kitaplaryndaky Şerlok Holmsyň äleminden ady belli duşman bolan professor Moriarti hakynda aýratyn serial düşüriler. Taslama klassiki gahrymanyň keşbiniň häzirki zaman äheňinde gaýtadan janlanmasy bolar diýip, "Deadline" neşiri habar berýär.

Serialyň sýužeti gahrymanyň jenaýat psihologiýasy boýunça mugallymçylyk işi bilen utgaşdyrylýan gizlin jenaýatçylykly hereketlerine gönükdiriler.

Sinopsise görä, Moriarti Angliýanyň demirgazygyndaky Darem uniwersitetinde işleýär, ýöne şol bir wagtyň özünde jenaýatçylykly gurama ýolbaşçylyk edýär. Onuň guramasyna bäsdeşleri tarapyndan hüjüm edilende, professor özüniň "garaňky" durmuşyny gizläp, polisiýa bilen hyzmatdaşlyk etmäge mejbur bolýar.

Baş keşbi kimiň janlandyrjakdygy heniz belli däl. Mundan ozal ekranlarda bu keşbi Endrýu Skott, Reýf Faýns, Donal Finn we başgalar janlandyrypdy.

Taslamanyň önümçiligi bilen "Fremantle" we "Archery Pictures" kompaniýalary meşgullanarlar. Täze serial üçin ssenarini Kris Kornuell we dramaturg Oliwer Lensli taýýarladylar.


21.06.2026 10:41
1.7k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.5k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....