«Çokundyran ata» dowam edýär

  • 23.05.2026 11:12
  • 5k+

Dünýä belli Random House neşirýaty «Çokundyran ata» ("The Godfather") romanynyň älemine degişli täze kitabyň çap ediljekdigini mälim etdi. «Konni» diýlip atlandyrylan bu täze roman 2027-nji ýylyň güýzünde okyjylara gowuşar we ol Korleone maşgalasynyň taryhyny dowam etdirer.

Kitabyň awtory, ozal «Ädikçiniň aýaly» we «Lucia, Lucia» ýaly meşhur eserleri ýazan ýazyjy zenan Adriana Trijianidir. Baş gahryman bolsa don Wito Korleoneniň ýeke-täk gyzy Konstansiýa Korleone bolar.

Eseriň mazmuny dolulygyna Konniniň şahsy durmuşyna we onuň mafiýa maşgalasyndaky ornuna gönükdiriler. Bu eser «Çokundyran ata» äleminde zenan ýazyjynyň elinden çykan we asyl nusganyň awtory Mario Pýuzonyň mirasdarlarynyň resmi taýdan makullan ilkinji kitaby bolar.

– «Konni» – nähili bolmalydygy özünden öň eýýäm çözülen dünýäde öz ýoluny gurjak bolýan zenan baradaky romandyr. Adamlaryň don Wito Korleone we Maýkl Korleone hem göwünleri ýermändi. Konni Korleone bilen hem edil şonun ýaly bolar – Adriana Trijiani öz gahrymanynyň ykbaly barada gürrüň berýär.

Täze kitap esasynda film surata düşürmek barada entek dil ýarýan ýok.


düýn 23:54
994

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....