BBC Agata Kristiniň eserleri esasynda Erkýul Puaro barada täze serial çykarar

  • 23.05.2026 19:51
  • 1.4k+

Britaniýanyň BBC teleradiokompaniýasy Agata Kristiniň eserlerine esaslanyp, aňtawçy Erkýul Puaro barada täze serial taýýarlaýar. Birinji möwsümiň ilkinji görkezilişine 2027-nji ýylyň ikinji ýarymynda garaşylýar diýip, Deadline neşiri ýazýar.

​BBC beýleki teleýaýlymlar we striming platformalary bilen bäsleşikde utup, eseri ekranlaşdyrmak hukugyny eýe boldy. Taslamanyň önümçiligi bilen mundan ozal hem «aňtawçy şazenanyň» eserlerini Agatha Christie Limited kompaniýasy bilen bilelikde ekranlaşdyran Mammoth Screen kompaniýasy meşgullanar.

​Köp ýyllaryň dowamynda Puaronyň keşbini iň şowly janlandyran aktýor hökmünde Dewid Suşe tanalyp geldi. Ol ITV ýaýlymynyň «Agata Kristiniň Puarosy» serialynda baş keşbi ýerine ýetirdi. Bu serial 1989-njy ýyldan 2013-nji ýyla çenli ekrana çykdy. 70 sany epizoddan ybarat bolan köp bölümli film ýazyjynyň belgiýaly aňtawçy baradaky eserleriniň agramly bölegini öz içine alýar.

​Soňra Puaronyň keşbini Piter Ustinow we Kennet Brana ýaly aktýorlar hem janlandyrdylar. Deadline neşiriniň berýän maglumatyna görä, baş keşp üçin täze aktýory gözlemek işleri eýýäm başlandy, ýöne dalaşgärleriň atlary häzirlikçe mälim edilmeýär.

​Agata Kristi (1890–1976) 66 sany detektiw romanyň awtorydyr we ol eserleri dünýä boýunça iň geçginli ýazyjylaryň biri bolmagynda galýar. Onuň meşhur gahrymany Erkýul Puaro ýazyjynyň 33 romanynda we 51 hekaýasynda hereket edýär.


11.06.2026 23:54
1.3k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....