ABŞ-nyň Missuri ştatynyň Sent-Luis şäherinde geçirilen «RAF 10» göreş ýaryşynda Arman Sarukýan UFC-niň öňki söweşijisi Toni Fergýuson bilen tutluşykda wagtyndan öň ýeňiş gazandy, Hamzat Çimaýew bilen Dillon Denisiň arasyndaky söweş bolsa amerikaly türgeniň diskwalifikasiýa edilmegi hem-de köpçülikleýin jenjel bilen tamamlandy.
Sarukýan göreşi ikinji raundda 10:0 hasaby bilen utdy. Ermeni-rus pälwany üçin bu «RAF-yň» baýdagy astyndaky ýedinji tutluşyk boldy. Fergýuson bolsa bu guramada ilkinji gezek çykyş etdi.
Beýleki tutluşykda Denis diskwalifikasiýa edilenden soň, Çimaýew ýeňiji diýlip yglan edildi. Amerikaly türgen ýaryşyň düzgünlerinde gadagan edilen sabmişeni (bogujy usuly) ulanmaga synanyşdy. Şol sebäpli göreş togtadyldy. Şol pursatda Çimaýew garşydaşyny depdi, bu bolsa söweşijileriň toparlarynyň arasynda dartgynlylygy döretdi. Dilden başlanan dawa çaltlyk bilen köpçülikleýin dawa-jenjele öwrüldi.
Çimaýewiň we Denisiň ikisi üçin hem bu ýaryş «RAF» ligasyndaky ilkinji çykyşy bolandygyny bellemek gerek.