UFC Freedom 250: Ak tamyň ýanyndaky ýaryşyň esasy kardy, nirede we haçan görmeli

  • düýn 14:09
  • 6.9k+

Waşington şäherinde 15-nji iýunda garyşyk söweş sungaty boýunça UFC Freedom 250 ýaryşy geçiriler. Bu söweş agşamynyň iň esasy wakasy ýeňil agramda titul ugrundaky duşuşyk bolar, ýöne muňa garamazdan, sport söýüjilere başga-da birnäçe gyzykly tutluşyklar garaşýar.

Ýaryşyň geçirilýän ýeriniň adaty bolmazlygy

Bu ýaryş, iň bolmanda, ilkinji gezek geçirilýän ýeri sebäpli hem üýtgeşik bolar — söweşler üçin ýörite arena gös-göni Ak tamyň (Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň rezidensiýasy) günorta tarapyndaky ýerde guruldy.

Guramaçylar seýrek duş gelýän formaty taýýarlady: söweşijiler oktagona göni Prezidentiň iş kabinetiniň tarapyndan çykar. Promouşen bu ýeriň aýratynlygyna uly ynam baglaýar, sebäbi ol dünýä janköýerleriniň ünsüni özüne çekmegi kepillendirýär.

Agşamyň esasy söweşi

Merkezi tutluşykda gruzin-ispan söweşijisi Iliýa Topuriýa (17-0) bilen amerikaly Jastin Getji (27-5) duşuşar. Türgenler ýeňil agramdaky hakyky çempion tituly ugrunda bäsleşer.

29 ýaşly Topuriýa bu söweşe häzirki çempion hökmünde çykar. 37 ýaşly Getji bolsa ýeňil agramyň wagtlaýyn çempionlyk guşagynyň eýesi hökmünde söweşer.

Bu tutluşyk diňe bir özüniň uly ähmiýeti bilen däl, eýsem iki söweşijiniň hem agressiw söweş stili bilen tanalýandygy sebäpli, gyzgalaňly bolmagy wada berýär.

Agşamyň ikinji esasy söweşinde agyr agramdaky wagtlaýyn çempionlyk guşagy ugrunda ýarym agyr agramyň öňki çempiony Aleks Pereýra (13-3) bilen çempionlyk guşagyna öňki dalaşgär Siril Gan (13-2) söweşer. Pereýra UFC-niň taryhynda üç agram derejesinde guşak gazanan ilkinji söweşiji bolup biler.

Esasy kardyň söweşleri:

  • Ýarym ýeňil agram (65,8 kg çenli): Diego Lopes (#4) vs. Stiw Garsiýa (#9)
  • Orta agram (83,9 kg çenli): Bo Nikal vs. Kaýl Dakas
  • Ýeňil agram (70,3 kg çenli): Maurisio Ruffi (#9) vs. Maýkl Çendler
  • Agyr agram (120,2 kg çenli): Joş Hokit (#5) vs. Derrik Lýuis (#9)
  • Iň ýeňil agram (61,2 kg çenli): Şon O'Melli (#3) vs. Aýmann Zahabi (#6)
  • Agyr agram (wagtlaýyn titul): Aleks Pereýra vs. Siril Gan (#1)
  • Ýeňil agram (birleşdiriji titul): Iliýa Topuriýa (çempion) vs. Jastin Getji (wagtlaýyn çempion)

Nirede tomaşa etmeli

Bu sport wakasyna göni ýaýlymda «Матч ТВ» we «Матч Боец» teleýaýlymlarynda tomaşa edip bolar. Ýaýlymyň başlanýan wagty Aşgabat wagty bilen sagat 05:00-a meýilleşdirildi.


şu gün 15:55
1.1k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

şu gün 15:42
1.4k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

şu gün 14:57
1.4k+

Pereýra üçünji guşagyny alyp bilmedi: Siril Gan söweşi nokaut bilen jemledi

Aşgabat wagty bilen 15-nji iýunda irden Waşingtonda, Ak tamyň çäginde taryhy UFC Freedom 250 ýaryşy geçirildi....

şu gün 10:43
5.2k+

Sarukýan RAF 10 ýaryşynda Fergýusony ýeňdi, Çimaýewiň söweşi köpçülikleýin uruş bilen tamamlandy

ABŞ-nyň Missuri ştatynyň Sent-Luis şäherinde geçirilen «RAF 10» göreş ýaryşynda Arman Sarukýan UFC-niň öňki söweşijisi Toni Fergýuson bilen tutluşykda wagtyndan öň ýeňiş gazandy, Hamzat Çimaýew bilen Dillon......