Berdimuhamedow Si Szinpini Pekin Olimpiadasynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady

  • 22.02.2022 09:07
  • 4.6k+

21-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşygy geçirildi. Onda DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýazan hatyny gowşurdy.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň adyna ýollan hatynda türkmen Lideri Türkmenistanyň wekiliýetiniň golaýda Pekine bolan saparynyň barşynda bildiren myhmansöýerligi, şeýle-de türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna şahsy goşandy üçin minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.

«Sizi we Siziň üstüňiz bilen Hytaýyň ähli halkyny XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlamaga rugsat ediň! Pekin dünýä ýatdan çykmajak sport täsinliklerini peşgeş berdi. Ol taryhda tomusky we gyşky Olimpiýa oýunlaryny geçiren ilkinji şäher boldy. Men beýik Hytaýa ýaňy ýakynda amala aşyran saparymy aýratyn ýakymly duýgular bilen ýatlaryn» diýip, türkmen Lideri hatynda belleýär.


şu gün 15:52
3.8k+

Pekinde ýeňil uçar iň beýik gökdirän binany baryp urdy

Ýeňil motorly sport uçary Pekiniň iň beýik binasy bolan China Zun (Çaýna-Szun) binasyna uruldy. Bu wakadan soň bina doly ewakuasiýa edildi diýip, «South China Morning Post» neşiri habar berýär....

şu gün 11:02
1.1k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

18.06.2026 11:17
5k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.5k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....